SÖZLÜG

ZYB

ZYG

ZYK

ZYM

ZYN

ZYŇ

ZYP

ZYR

ZYÝ


ZYBA [zy:ba:], Owadan, görmegeý, gelşikli, gözel. Aýna ak zyba barmaklary bilen pişigiň spyndan penjeläpdir-de, ýanlygy ýygy-ýygydan güjjüldedýär. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Belli sen gyzlar içinde owadan zyba gözel (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


ZYBALYK, [zy:ba:lyk],Owadanlyk, gelşiklilik, görmegeýlik, gözellik. Zarpçy ýadamaz ýumuşdan, Zybalygy sap kümüşden (Durdy Gylyç, Goşgular).


ZYBAN [zyba:n], kön. s. Dil. Janyma jan goşýan, süýji zybandyr. (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ZYBRYM, Tutuş, bütinleýin, tükel, sap. Eýwanly tamyň öňleri Zybrym haly, keçe, düşek (Çary Aşyr, Poemalar).


ZYBYRDAMAK,   1.Sesli çalt ýöremek, dazlap gitmek, dazyrdamak. Agyr ýükli maşynlar zybyrdap geçýärdiler (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Garja öýün,  gözeneginde  guýlunyp  ýatan  ala  ganjyk ok ýaly zybyrdap geldi-de, ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz  saldy  (A. Durdyew,  Saýlanan eserler).

2. Örän çalt, tiz okamak.


ZYBYRDAŞMAK, Yzly-yzyna zybyrdamak. dazlaşyp gitmek, dazyrdaşyp gitmek.


ZYBYRDY, Okgunly, çalasyn hereket, birsyhly çalt hereket.