ZYM |
||
ZYM. Şar görnüşli uçurylýan oýnawaç <> Z y m uçan ýaly bolmak (uçmak) ýom-ýok bolmak, ýitirim bolmak, gürüm-jürüm bolmak. sümat bolmak Bilmersiň niräk ýitirim bolýanyny, birden zym uçan ýaly bolaýýarmyş («Tokmak» žürnaly). Şu pikir kellesine geleni bilen ýerinden turdy-da, bir ýana zym uçan ýaly uçdy (H. Ysmaýylow, Powestler). ZYMDYRYLMAK, Okdurylyp gitmek, okdurylyp barmak. Maşyn depäniň üsti bilen günbatar tarapa zymdyryldy (B Pürliew, Ilkinji gün). Maşynly her ýana zymdyrylyp geçsin, men oňa bahyl däl, guş bolup uçsun («Tokmak» žurnaly). ZYM-ZYÝA [zym-zyýa:]: z y m-zyýa bolmak zym
uçan ýaly ýom-ýok bolmak, gürüm-jürüm bolmak.
Ol ýerden çykdy-da bir topar adam, Tokaýa ýüzlenip zym-zyýa
boldy (Çary Aşyr. Poemalar). Onuň zym-zyýa bolşuna içim
tütäp dur (
|