SÖZLÜG

ZYB

ZYG

ZYK

ZYM

ZYN

ZYŇ

ZYP

ZYR

ZYÝ


ZYŇDYRMAK, 1. Bir zady zyňmaga birini mejbur etmek, zyňyp goýbertmek, batly oklatmak, taşlatmak. Aňry-bäri çüýşe döwüklerini ýeňseki hapa atylýan çukura zyňdyrmak.

2. Nädogry edilýän işi ýa-da gylyk-häsiýeti, endik boýunça edilýän hereketi we ş. m. goýdurmak, bes etdirmek. Keçe telpekleriňizi zyňdyryp, kel başyňyza nähili tsilindr geýdiren bolsam, şonuň ýaly-da sizi işlederin (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ZYŇMAK, 1. Bir zady uzaga düşürmek üçin batly taşlamak, dazyrdadyp göýbermek, oklamak. Şol mahal oglanjyk elindäki pökgüsini özlerine ýakynlaşyp barýan Mährä zyňdy (A Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Harap bolmak, zaýalanmak ýa-da derde ýaramazlyk zerarly atyp göýbermek, aýryp taşlamak, aýyrmak. Bu gün geler, erte geler bilen güllerine suw sepip, iki-üç günläp saklasada, ahyry zyňmaly boldy ( N Pomma , Taýlak hyzzyn).

3. ýüz döndermek, unutmak, bes etmek, goýmak. Dini ynançlary ahyryna çenli zyňyp taşlamak («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ýaltalygy zyňmak üçin Kynçylygy ýeňmek üçin, Tutanýerli bolgun, inim! (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

4. Batly towusmak.ýokary bökmek. Aýagynyň astynyň ykjam däldigini syzan mes bir at asmana zyňdy-da, iki wagonyň arasyna düşüp, bir aýagyny döwdürip, germesatan asylyp galdy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).

5. Ahyryna çenli ýetirmän goýmak, ahyryna çenli dowam etdirmän galdyrmak, eýgermän goýmak. Bir işi başlap zyňmak. Akmaklyk edip okuwy zyňmak.


ZYŇYLMAK, 1. Uzaga düşürşmek üçin batly taşlanmak, dazyrdadyp göýberilmek. Heniz gämi köpre ýetip-ýetmänkä, ýogyn urganlaryň ujy köprüdäki duran adamlara tarap zyňlyp başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly) Ýassyklar göýä top atylan ýaly bolup zyňyldy («Görogly» eposy).

2. Atylyp göýberilmek, aýrylyp taşlanmak, aýrylmak. Zaýalanan we ynjan zatlaryň hemmesi hapa atylýan ýaşşige zyňyldy.


ZYŇYNDY, Derege ýaramaýanlygy üçin zyňlan zatlar, bir zadyň derde ýaramaýan galyndysy, taşlandy. Metal zyňyndylaryny başarnykly eller alada bilen ýygnaýar («Sowet Turkmenistany» gazeti).


ZYŇYŞMAK, 1. Zyňmaga kömekleşmek, bilelikde zyňmak, oklaşmak, taşlaşmak. Tam salýan ussa kerpiç zyňyşmak .

2. Biri-biriňe zyňmak, oklamak. Top zyňyşmak.

3. Zyňyp güýç synanyşmak. Daş zyňyşmak.