SÖZLÜG

ZYB

ZYG

ZYK

ZYM

ZYN

ZYŇ

ZYP

ZYR

ZYÝ


ZYR- zyr däli— 1) baryp ýatan däli, tüýs däli, dübläp duran däli. Şu wagt meniň bir ýüregim gysýar weli, zyr däli bolup, düze düşermikäm diýýän, geliň içeliň — diýdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa);

2)1 örän garagol, juda ýakymsyz (oglan-uşak hakda) Lälik seredilen oglan zyr däli bolupdyr.


ZYRMYLDAMAK, Örän çalt ýöremek, ok ýaly gitmek; çalt hereket etmek. Ol zyrmyldap barşyna tigirleriniň aşagyndaky palçyklary mynçgalap, gyralary kertilenje ýodajyklar ýasaýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZYRMYLDAŞMAK, Yzly-yzyna zyrmyldap gitmek, bilelikde çalt ýöräp gitmek. Maşynlar asfalьt ýoldan zyrmyldaşyp barýarlar.


ZYRMYRYLMAK, ser Zyrmyldamak. Birden-kä onuň öňünden bir adam zyrmyrylyp geçip, çuňňur nobura özüni oklady. Birdenkä onuň gulagyna ilen ses süňňüni gowşatdy, gyzgyn gan damarlarynda zyrmyrylyp başlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Wah, apelsinli çemenlige zyrmyrylýan suw! («Sowet Turkmenistany» gazeti).


ZYRRAJYM [zyrrajy:m], Baryp ýatan, diýeniňden bäş beter, tüýs (ýalançy, gorkaklar we ş. m. hakda)\ Zyrrajym kezzap gotur serçe-de ýalan sözlemesini goýupdyr («Mydam taýýar» gazeti).