SÖZLÜG

ZYB

ZYG

ZYK

ZYM

ZYN

ZYŇ

ZYP

ZYR

ZYÝ


ZYÝADA [zyýa:da], kön s ser Artykmaç.2 .Goç ýigidiň ömru bolsun zyýada; Seni, meni hak ýetirsin myrada («Görogly» eposy)


ZYÝAN [zyýa:n], 1. Birinden ýa-da bir zatdan etýän nogsan, zeper, zelel, şikes. Adat, seniň eden zyýanyň kändir, Seni ýok etmeli — içdigiň gandyr (Mollamurt, Saýlanan eserler). Derýalaryň zor joşmagy ekerançylyga köp zyýan berýärdi (Gadymy dünýä taryhy) Tebigy bela — ýer titremesi zerarly agyr zyýan çekildi («Pioner» žurnaly).

2. Söwda-satykda we ş m görülýän zelel Zyýan görmek, Zyýan çekmek.

3. göç m Ýitgi .*Zyýany ýok — aýyby ýok, zeleli ýok, owarram Zyýany ýok, gyzym ine basym biziň parohodumyz hem geler («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly) Zyýanyna çapmak — öz zeleliňe iş etmek, peýdasyz iş görmek Çaý puly bereli, çapma zyýana («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZYÝANKEŞ [zyýa:nkeş], Halk we döwlet bähbitlerini hyýanat etmegi maksat edinip, olara ykdysady we syýasy taýdan zelel ýetirýän adam, halk duşmany ,zelelkeş. Aýtguly näçe aktiwsirese-de, ol zyýankeş baryp ýatany ekeni.(N. Pomma, Taýlak hyzzyn).Zyýankeşler jogapkärçilige çekilmelidirler. Kürt Ahmet egnine musulman lybasyny geýen zyýankeş watan haýynlaryny-da ýagşy tanaýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ZYÝANKEŞLIK [zyýa:nkeşlik], Zyýanly iş alyp baryjylyk, zyýankeşiň hereketi, ýykgynçylykly hereket, zelelkeşlik. Ol köp wagtlap, sowet söwda işinde zyýankeşlik edip gelipdir («Sowet edebiýaty»žurnaly). Şeýle zyýankeşlik bilen asla ylalaşyp bolmaz — diýip, ol agzyndan köpük saçyp gygyrdy (H.Jumaew, Ak derek).


ZYÝANLY [zyýa:nly], Zyýany bar bolan, zyýan ýetirip bilýän, zelel ýetirmäge ukyply bolan, zyýan berýän, zelelli.  Zyýanly duzlaryň toprakda aşa bolmagy pagtaçylyga zyýan ýetirýär. Könäniň zyýanly galyndylaryna garşy göreşmeklik maslahatlaşyldy («Sowet Türmenistany» gazeti).


ZYÝANLYLYK [zyýa:nlylyk], Zyýany barlyk, zelelilik.


ZYÝANSYZ [zyýa:nsyz], 1. Zyýanly bolmadyk, zyýan ýetirmäge ukyby bolmadyk, zelel ýetirip bilmeýän, zelelsiz.

2. Zyýan ýetirmän, zelel çekdirmän, sag-aman, ýitgisiz. Men bu dowarlary hiç bir zyýansyz eýesine gowşuraryn. Hasyly zyýansyz ýygnamak. Zyýansyz hereket etmek.


>

ZYÝANSYZLANDYRMAK [zyýa:nsyzlandyrmak], Zyýan ýetirmek mümkinçiliginden aýyrmak, zelelsiz etmek, zelelsiz edip goýmak. Ýere gömlen minalary zyýansyzlandyrmak Däri-dermanlary zyýansyzlandyrmak.


ZYÝANSYZLYK [zyýa:nsyzlyk], Zyýan ýetirip bilmezlik ýagdaýy, zyýany ýokluk, zelel bermezlik, zelelsizlik.  Hereketiň zyýansyzlygy.


ZYÝAPAT [zyýa:pat], kön  s Myhmançylykda edilýän hezzet-hormat, oturylyşyk. Muny çarwa baýlary zyýapata çagyrandyr («Görogly» eposy).


ZYÝARAT [zyýa:rat], Dini düşünjä görä «keramatly» ýerlere, «keramatly» adamlara tagzym etmek. Zyýarat etmäge gelenlerinde, goýup giden zatlaryndan derek tapmaýar (N. Pomma, Egri eýikmez).


ZYÝAT [zyýa:t], 1 Mukdar, san taýdan agdyklyk edýän, köp, artyk Hanym, munuň salnany indi müň ýyldan zyýatdyr (B Kerbabaew, Aýgьgtly ädim).

2. Artyp galan zat, artyklyk edýän zat Bugdaý ekip, harman etdiň üýşürip, Şerekete ber zyýadyn süýşürip (Mollamurt, Saýlanan eserler).

3. Başga artyk, aşa. Başlyk mundan zyýat sabyr saklap durup bilmedi («Kolhoz günleri»).


ZYÝATLYK [zyýa:tlyk], Zyýat bolmaklyk, gereginden köplük, artyklyk, agdyklyk.