SÖZLÜG

ZYB

ZYG

ZYK

ZYM

ZYN

ZYŇ

ZYP

ZYR

ZYÝ


ZYGDYRYLMAK, ser Z o g d u r y l m a k. Gara altyn zygdyrylyp akýardy. Zygdyrylyp çykýan çeşmeler meýdanlara tarap ýüzlenýärler («Kolhoz günleri»).


ZYGYLDAMAK [zy:gyldamak], Zyk-zyk edip seslenip durmak, zygyldyly ses çykarmak. Şol apparaty alyp, gögümtil daşa ýakynlaşan badyňa, ol zyg başlaýar  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZYGYLDAŞMAK [zy:gyldaşmak], Bilelikde ,zygyldamak, zyk-zyk edişip seslenişip durmak, zygyldyly seslenpşip durmak.


ZYGYLDY [zy:gyldy], Zyk-zyk edip çykýan ses, gyjagyňka meňzeş sokdurylyp çykýan ses. Gyjagyň zygyldysy.


ZYGYR [zy:gyr], bot Dänesinden ýag, baldagyndan bolsa süýüm önümleri alynýan medeni ösümlik Zygyr we beýleki ekinleriň önümleri köp bolar ýaly etmek gerek («Sowet Türkmenistany» gazeti) Kenep, zygyr ekinleri, adyny tutan ekiniň bar («Sowet edebiýaty»žurnaly).


ZYGYRDYKLAMAK, 1. Bir ýere birsyhly çalt gatnamak, yzly-yzyna gatnap durmak, zygyr-zygyr gatnamak, çalt hereket etmek.

2 Gorkudan, sowukdan we ş. m. ýaňa titremek, sandyramak, gagşamak.


ZYGYR-ZYGYR 1) zygyr-zygyr gatnamak — ser Z y g y r d y k l a m a k 1 . Ol sekiz-dokuz gezek zygyr-zygyr gatnanyndan soň, halys bolmajagyny bilip, ýene uniwermagyň agzyna baryp durdy («Tokmak» žurnaly)

; 2) z y g y r-z y g y r   e t m e k — ser. Z y g y g1 d y k l a m a k 2.


ZYGYRLYK [zy:gyrlyk], Zygyr ösümliginiň köp ekilen ýeri, köp biten ýeri.