SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KIB

KIL

KIM

KIN

KIO

KIP

KIR

KIS

KIT

KEÇ

KEŞ


KIÇELMEK,  1. Göwrümi kiçi bolmak. Annadurdy murtuň gözleri kiçelen ýaly boldy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Girip daralmak, kelte bolmak, girmek. Kostýum çistka berlenden soň, birneme kiçelipdir.

3. Sykylmak,   horlanmak, inçelmek. Adam garradygyça, kiçelen ýaly bolýar.

4. Aşak düşmek. aşaklamak, peselmek. Onuň gullugy   kiçelipdir.

5. göç  m. Ruhdan düşmek, peselmek.


KIÇELTMEK, 1. Kiçi etmek, göwrümini önküsinden hem kiçi etmek.

2. Aşak düşürmek, peseltmek, aşaklatmak. Onuň wezipesini kiçeldipdirler.

3. Dar we kelte etmek, daraltmak. Palьtomy kiçeltdim.

4. göç  m. Bolgusyz gürrüňler adamy kiçeldýär.

 <> Uly göwräňi kiçeltmek- ser G ö w r e. Uly göwresini kiçeldip, boýun egip gelen

adamyny bagyşlamazlygy   turkmençilik kadasyna sygmaz hasap etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KIÇI, 1. Uly däl, uly bolmadyk, çaklanja bolan. Kiçi jaý. Kiçi stol.

2. Dar hem kelte, dar.   Kiçi palьto. Kiçi aýakgap.

3. Ýaşy uly bolmadyk, az ýaşly. Onuň ýaşy bularyň hemmesiniňkiden kiçi bolsa gerek («Bahar»). Kiçi ogly Hojamuhammet 4-nji klasda okaýar («Sowet Türkmenistanynyň, aýallary» žurnaly).


Kiçi göwünli — ser. G ö w ü n. Ol kiçi göwünli ýönekeý myhman (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


KIÇILIK, 1. Göwrümi kiçi bolmaklyk, uly dällik. Kyrk bir nomer tufli kiçilik edäýmese! Palьto oňa kiçilik etse gerek. 2. göç. m. Göwni peslik.

<> Kiçilik bilmek — özüňe uslyp bilmezlik, bir işi özüňe mynasyp görmezlik. Mister Braun Ahmediniň gubernatorlygy özüne kiçilik biljegini aňýardy (G. Kulyew, Köpetdagyda). Aşaky gulluklarda işlemegi kiçilik bilmek.