SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KIB

KIL

KIM

KIN

KIO

KIP

KIR

KIS

KIT

KEÇ

KEŞ


KILWAN [kilwa:n], Degirmende bugdaý üwemeklik işinde işleýän işçi. Meniň kakama-ha kilwan diýerler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol hemişe una bulaşyp ýören işçi bolany üçin, Kerim adyndan kilwan lakamy has şöhratlyrakdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KILWANLYK [kilwa:nlyk], Kilwanyk käri, kilwanyň wezipesi. Degirmende kilwanlyk işini ýerine ýetirmek.


KILEŇ, Başdan-aýak, bary, bütinleý, hemme, ähli. Ýollaryň gyralary kileň gök baglyk bolmaly («Kolhoz günleri»). Gözüň gidýär türgenligne,  portçulaň,  çalasyn işleýär olaryň bary. Hemmesi zähmetiň ussady kileň, Hersi öz ýerinde görkezýär zor (Ş. Borjakow, Kaspi kenarynda).


KILIM, Haly ýaly ýüwürdilip, erşiniň içinden ikigat argaç geçirilip dokalýan düşek. Sandygynyň içinde kilime dolangy bir zat ýatan (Ata Salyh, Saýlanan eserler) Gara öýüň göwşüllen kilimini serpip, onuň içinden bir ýigit çykdy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim) Kireýsiz kilim kakylmaz, ojaksyz öýe bakylmaz (nakyl).


KILISE,   kön. S. Buthana, ybadathana.


KILO, gepl. d ser Kilogram. Orazgül kömek fonduna ozag özüniň kümüş we gyzy1 şaýlaryndan bäş kilony beripdi (A Gowşudow, Mähri—Wepa).

Uzuk eje — Oglanlaryň kakasyna köýnek eder ýaly, hol ýol--ýol ýüpek matadan-a üç metr, narpyzly kemputdan hem bir kilo ber — diýip sanaşdyrdy («Tokmak» žurnaly). Üç dört kilo çörek.


KILO , Goşma sözleriň «müň, müň ýola, müň gezek» diýen manyny aňladýan birinjn bölegi Kilowat, kilometr, kilogram.


KILOWAT, Elektrik togunyň 1000 wata barabar bolan güýjüniň ölçeg birligi. 1000 wat bir kilowatdyr («Fizika kursy») Ynha, bilip goý, şu ýerde onbäşmüň kilowat energiýa berýän suw elektrik stantsiýasy gurulmaly («Sowet edebiýaty» žurnaly). 120 kilowat güýç bilen işleýän eletrik stantsiýa («Pioner» žurnaly).


KILOGRAM, 1000 grama deň bolan agyrlyk ölçegi. Ata bu salkyçda ondan göni iki kilogram pagtany artyk ýygypdyr (B Pürliew, Ilkinji gün) Kolhozçylar zähmet gününe otuz manatdan artyk pul hem üç-dört kilogramdan däne paýlaşýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KILOGRAMLYK, Bir kilograma deň bolan daş, predmet. Iki kilogramlyk ölçeg daşy.


KILOME'TR, 1000 metre deň bolan uzynlyk ölçegi. Samoletyň sesi 40 kilometrden eşidilýär. («Pioner» žurnaly). Maşyn sagatda 130 kilometr çaltykda ýöräp bilýär («Sowet edebiýaty» žurnaly) Olaryň barjak ýerleri segsen togsan kilometrden uzak däldi (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KILOMETRLIK, Bir kilometre deň bolan aralyk. Şu liniýanyň bäş kilometrlik çemesi ýeňsesinde bir oba otyr (A Gowşudow, Saýlanan eserler). Doly däl orta mekdep bolsa Kirow adyndaky kolhozyň aşak tarapynda bir iki kilometrlikdäki «Daýhanbirleşik» kolhozynyň içindedi (A Durdyew, Saýlanan eserler).


KILT, Gapa we ş. m edilýän zülp, gapyny gulplamak üçin ildçrgiç. Sapa ýene gapa diň salyp, gapynyň kildini ýazdyrdy (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Gördüňizmi, äpşigäniň içki kiltleri ildirilmändir — diýdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KILTLEMEK Kildini ildirmek, ildirgijini, zülpüni ildirmeK, gulplamak. Bahar turdy-da, açyk işigi çekip içinden kiltledi (A Gowşdow, Köpetdagyň eteginde).


KILTLENMEK, Kilt ildirilmek, zülp ildirilmek, golplanmak. Gapy kiltlenipdir.


KILTLETMEK. Kildini ildirtmek, zülpüni ildirtmek, gulp urdurmak, gulplatmak. Gapyny daşyndan kiltletmek.


KILTLI, 1. Kildi bar bolan, zülpli. Kiltli gapyny beklemek aňsat.

2. Ýapyk, gulply kiltlenen. Meret öýlerine gelende, gapy kiltli eken.


KILTSIZ, 1. Kildi, gulpy bolmadyk, zülpsüz, gulpsuz. Kiltsiz gapyny ýapyp bolmaz.

2. Ýapyk däl, açyk kiltlenmedik. Saraýyň derwezesi sagat 10-a çenli kilitsiz durar.


KI'LЬKA, zool. Takgaz balyklar maşgalasyndan bolan kiçijik balyk. Türkmen balykçylary kilьka balygyny Gazagystanyň kenarynda tutýarlar (Ş Boržakow, Kaspi kenarynda).