SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KIB

KIL

KIM

KIN

KIO

KIP

KIR

KIS

KIT

KEÇ

KEŞ


KINAÝA [kina:ýa] Kakdyrylyp aýdylýan aňlatma sözler ýa-da pikir, ironiýa. Aýsoltan ýene kinaýa bilen ýylgyrdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Jijim, ökdä, ökde diýmek gerek — diýip, bu sözleri kinaýa bilen aýtdy, («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

KINAÝALAMAK [kina:ýalamak], Kýanaýa etmek, kakdyryp aýtmak. Han-ha, götergileýän adamyň, gör, näme iş edýär? — diýip kinaýlap güldi (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KINAÝALY [kina:ýaly], Kinaýa bilen aýdylýan, kakdyrylyp aýdylýan. Bu sözler kinaýaly yýlgyrmak bilen aýdyldy (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany). Hally ol soraga ähmiýet bermän, kinaýaly ýylgyrdi da, garady. (B Kerbabaew, Aýlar).


KINDIWAN [kindiwa:n], gepl d. Örän kiçi, kiçijik. Gyzjagazyň kindiwan burunjygy has eziz görünýärdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


KINE [ki:ne], Göwne degilmek zerarly edilýän öýke, göwün galmaklyk. Kine diňe namart adamlara gelşer (G Muhtarow, G Seýitliew, Kümüş gapyrjak). Ol garajaň öweý ene, ýüreginde joşdy kine (A. S. Puşkin, Ertekiler).

 Kine etmek — birinden göwnüň galyp närazy bolmak, öýke etmek.


KINELI [ki:neli], Göwni galan öýkeli. Çala aňlanýan kineli labyzda gepledi (N Jumaew, Ak derek). Jüneýt Ezize ýene bir gezek kineli garandan soň, sözüni dowam etdi (B Kerbabaew Aýgytly ädim).


KINELILIK [ki:nelilik], Göwün galanlyk, öýkelilik.


KINEMATIK, Kinematika degişli bolan. Kinematik usul.


KINEMATIKA Teoretiki mehanykanyň jisimleriň hereketini geometrik nukdaýnazardan öwrenýän bölümi.


KINEMATOGRAF, 1. Ekranda görkezmek üçin plýonkanyň ýüzünde hereketli surat alýan apparat. 2 Kino-sungat.


KINEMATOGRAFIK, Kinematografiýa degişli bolan.


KINEMATOGRA'FIÝA Ekranda şekil görkezmek sungaty. Kinematografiýa ministrligi.


KINESIZ [ki:nesiz] Göwni galmadyk, öýkesiz. Açyk gök ýüzünde guşlar jürleşip Dostlukda öýkesiz, kinesiz saýrar (R Seýdow, Bagtlylar).

Dogry dost kinesiz bolar, bolşuny ýüzüne diýer (nakyl).


KINETIK, 1 Kinetika degişli bolan, kinetika has bolan. Kinetik teoriýa.

2. Herekete degişli bolan kinetik energiýa.


KINE'TIKA Teoretiki mehanikanyň dinamikany we statikany öz içine alýan bölümi.


KINO', 1. Ekranynda filmler görkezilýän teatr. Gyzykly oýun guramak, kino ýa da ekskursiýa gitmek bolýar («Mydam taýýar» gazeti). Gülleri kino gitmäge çagyr! Kolhozyň tomusky klubunda kino görkezmeklige taýýarlyk görülýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Sessiz kino. Sesli kino.

2. Ekranda hereketli şekil görkezmek sungaty, kinematografiýa. Kino işgärleri.


KINO'..., Goşma sözleriň «kinematografik» manyynda gelýän birinji bölegi. Kinoakýtor, kinooçerk, kinokomediýa.


KINOAKTÝOR, Kinofilmlerde oýnaýan artist. Ol Amrikan kinoaktýory Duglas Ferbenkse meňzedi («Pioner» žurnaly).


KINOAKTRI'SA, Kinofilmlerde oýnaýan artistka.


KINOAPPARAT, Kino üçin surat almak ýa-da kinofilmler görkezmek üçin apparat. Bir wagtlar bu uçastogyň klubunda hemişelik kinoapparat goýlup, ilata her gün kinofilmler görkezilýärdi («Sowet Türkmenistany» gazeti). Kinomehanik kino görkezmekden öň kinoapparaty gözden geçirýär («Ýaş kommunist» gazeti) .


KINOŽURNA'L, Gündelik durmuşy suratlandyrýan epizodlardan, sahnalardan ybarat gysga metražly kinofilm. Aşgabat kinostudiýasy «Sowet Türkmenistany» kinožurnalynyň nobatdaky nomerini göýberdi («Sowet Türkmenistany» gazeti) .


KINOKARTI'NA, Çeper film, kinofilm. Birentek wagtlarda heniz hem kinokartina diňe bir kolhozlaryň we sowhozlaryň merkezi uçastoklarynda görkezilýär («Türkmenistan kommunisti» žurnaly). Biziň hem gürrüňimiz täze kinokartinalar hakynda gitdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KINOLE'NTA, Kino lentasy, kinofilmniň aýratyn ekzemplýary. Kinolentalar örän uzyn bolýar.


KINOMEHA'NIK, Kinofilmleri sahnada görkezmek bilen meşgul bolýan spetsialist. Kinomehanik özüniň apparatyny sazlamak bilen başagaýdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kinomehanik bolup işlemek.


KINOMEHANIKLIK, Kinomehanigiň gulluk wezipesi, käri. Ol kinomehanikligi başarjak oglany tapdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KINOOPERA'TOR, Ekranda kinokartina görkezmek üçin surat alýan spetsialist. Kinooperator bolup işlemek.


KINOOPERATORLYK, Kinooperatoryň gulluk wezipesi, käri. Kinooperatorlyk etmek.


KINOPLIONKA, Kino almak üçin ulanylýan plionka. Fotoapparatyň kamerasy 16 millimetrlik kinoplionka bilen zarýadlandyrylýar («Mydam taýýar» gazeti).


KINOREŽISSÝOR, Film goýýan adam.


KINOSTUDIÝA, Kinofilmleri öndürmek bilen meşgllanýan edara, fabrik. Aşgabat kinostudiýasy tarapyndan döredilen kinofilmler görkezilip başlandy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KINOTSENARIÝ, Kinofilm döredilýän edebi eser. Žýuri 2400 kinotsenariden 22-sini seçip aldy («Ýaş kommunist» gazeti).


KINOSЪÝOMKA, Filmleri öndürmek we ekranda goýmak üçiň surat almaklyk.


KINOTEATR, Ekranynda kinokartina görkezilýän teatr. 500 — 700 orunlyk tomusky kinoteatrlary gurmaklyk bellendi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KINOFABRIK, ser. Kinostudiýa. Kinofabrik öz işine başlady.


KINOfIKATSIÝA, Kino setini ýaýbaňlandyrmaklyk.

KINOFILM, Ekranda görkezmek üçin döredilen kinomatografiýa eseri, kinokartina. Kolhozçylar indi , salan klublarynda kinofilmlere höwes bilen tomaşa edýärler. («Sowet Türkmenistany» gazeti). Reňkli kinofilm. Kinofilmleriň göýberlişini artdyrmaly.


KINOFITSIRLEMEK, Kinofilmleriň görkezilmegini üpjün etmek, kinoteatrlary guramak. Kolhoz obalaryny kinofitsirlemek.


KINOHRONIKA, Jemgyýetçilik durmuşynyň gündelik hadysalaryna bagyşlanylyp ýazylan kinokartina. Respublikanyň durmuşyndan göýberilýän kinohronikalaryň hilini gowulandyrmaly.