SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KIB

KIL

KIM

KIN

KIO

KIP

KIR

KIS

KIT

KEÇ

KEŞ


KIT, zool. Deňizde ýaşaýan süýtemdiriji iň ullakan haýwan. Gäminiň kapitany Uzak Gündogardaky kit awlaýjylaryň edermenlikleri hakynda pionerlere şu aşakdakylary aýtdy («Mydam taýýar» gazeti). Aşgabatda kit balygynyň skeleti bar.


KITAP [kita:p], ýüzi ýazgyly we daşy sahaplanan çap edilen eser ýa-da eserler ýygyndysy. Ol kitap okamagy söýýärdi («Edebiýat»), Kitaby söýüň we okaň! Gzykly kitap. Bu kitap çagalar barada ýazylypdyr.


KITAPHANA [kita:pha:na], Neşir edilýän kitaplar saklanýan we köpçülik üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýän edara. Seniň ýolbaşçylyk edýän raýonyňda 8 kitaphana bar («Tokmak» žurnaly). Men onuň bilen kitaphana gitjekdirin. Respublikamyzda kitaphanalaryň sany gün-günden köpelýär.


KITAPHANAÇY [kita:pha:naçy], Kitaphana işgäri. Tehnikumy gutaran Galina bu ýere kitaphanaçy bolup geldi («Mugallymlar gazeti»).


KITAPÇA [kita:pça], Kiçijik kitap, uly bolmadyk  kitap. Türkmen döwlet neşirýaty   koreý   ertekileriniň ikisini aýratyn kitapça edip çapdan çykardy   («Mydam taýýar» gazeti). Syýasy kitapçalary we dürli gazet-žurnallary gördüm.


KI'TELЬ, Aýratyn forma boýunça tikilen penjek.  Onuň kiteliniň ýakasy açykdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Onuň aýagynda ýylpyldaýan ädik, egninde zer pogonly kitelь bardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


KITIR, Çaý gaýnadylýan demir ýa-da çoýun, çäýnek. Ýaşuly garşydaky ojakda kitir oturdypdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


KITIRDEWÜK, Kitirdäp duran, owranyp barýan, pytrap barýan. Kitirdewük köke.


KITIRDEMEK, Kitirt-kptirt etmek, kitirt-kitirt , edip owranmak.


KITIRDETMEK, Kitirt-kitirt etdirmek, kitirt-kitirt etdirip gemirmek.


KITIRDI, Gaty zat gemrilende ýa-da owrananda emele gelýän ses. Agyldaky goýnuň kitirdisini Maminyň nyzamly horruldysy örtüp gidýärdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Şkafdan kitirdi sesi eşidilýärdi.


KITÜW, Ýürekde galan öýke, ar alma duýgusy, kine. närazylyk, arman. Biziň olardan hiç bir kitüwimiz ýok. Artyk kitüwini içinden çykarman durup biljek adamlar hilinden däl ahyry (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KITÜWLI, Öýkeli, kineli, närazy, armanly, göwni galan.