SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KIB

KIL

KIM

KIN

KIO

KIP

KIR

KIS

KIT

KEÇ

KEŞ


KIŞDE, 1. Guradylan erik. Olaryň elinde kişde ýa-da hoz göräýdigi, bar ondan soň gözi açylýar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ol aýal-gyzlar öýlerine gaýdanlarynda bolsa: — Çagalaryňyz, jigilerňiz hem agyzlaryny süýjütsinler — diýip, gant, nabat, kişde pisse diýen ýaly zatlardan her birine bir düwünçek sowgat hem berip goýberdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

2. Umuman guradylan ir-iýmiş. Pomidor kişdesi. Alma kişdesi.

<>Kişde ýaly bolmak — horlanmak, arryklamak.


KIŞI, 1. ser. Adam. Çarýaryň gören kişisi dogrudan-da ýalkap eken (Çary Aşyr, Poemalar). Ogluň şol borda, kişiň gapysyndan bararlygyň bormy? (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Ýagşy kişi aş üstüne (nakyl).

2. Keseki, ýat, özge. Kişe geňeş, öz bileniň-den galma (nakyl).

3. Är, batyr.


KIŞILIK, Mertlik, edermenlik, gaýratlylyk, batyrlyk.

<>Kişilik satmak — men-menlik etmek, ýerliksiz öwünmek, batyrlyk etmek.


KIŞMIR, zool. Uzyn aýakly, togalak kelleli möjejik.


KIŞMIŞ, Serlip guradylan üzüm. Kişmşi serýäris, kakaň hem şol ýerdedir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Uly gyzyl şal ýaglyga Düwündir ol gant hem kişmiş (R. Seýkdow, Bagtlylar). Naharyň iň pesi bäş aýlyk çebiş çişligi bilen içi bidäne kşimiş salnan palaw bolar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Kişmşi iýseň, çöpi bar (nakyl).


KIŞŇEMEK, Sazlaşykly çirkin ses çykarmak (at hakynda). Göýä meni mün diýýen dek kieňýär, Her biriniň tutulanda atlary (N. Pomma, Saýlanan eserler). Düýe bozlap, at kişňäp, Jannlylyk döredi daşda (R. Seýidow, Bagtlylar). Dar jülgäniň içinde ýeke goýup gaýdan aty ýekesiräp kişňeýärdi (N. Saryhanow, sýalanan eserler).


KIŞŇETMEK, Ata çirkin ses çykartmak. Anna atyn kişňedip, köçeden geçip gitdi.


KIŞŇEŞMEK, Bilelikde kişňemek, köp bolup kişňäp seslenmek. Düýeler gäwüşeýär, taýlar kişňeşýär (B. Kerbabaew, Aýlar). Düýeler bagyryşyp, atlar kişňeşip. sygyrlar molaşyp, eşekler aňyryşyp, goýun-geçiler mäleşip, mekgäme mündüler (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


KIŞIKLEMEK, Kişik-kişik etmek, ýaş çagany towsakladyp oýnatmak, güýmemek.


KIŞIKLENMEK,   Kişik - kişik edilmek, towsakladyp oýnadylmak. Ol iki arada  kişiklenen    oglan ýaly bir gezek Çarynyň ýüzüne, bir gezek Gözeliň ýüzüne  seretdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).