SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KIB

KIL

KIM

KIN

KIO

KIP

KIR

KIS

KIT

KEÇ

KEŞ


KIR, 1. Hapa, çirk, kir-kimir. Tozan nire, kir nire (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Kümüş gapyrjak). Skatertlerde beýle bir lap eder ýaly, doňy çözülmän ýatan kir-e ýok («Tokmak» žurnaly). 2. Kirlän geýimler. Aýal kir ýuwsa, çörek bişirse ýa-da nahar taýýarlasa, onuň ýoldaşy çagalara seretmelidir, mallara ot-iým bermelidir («Ýaş kommunist» gazeti).

Kiri kir açar, kinäni — söz (nakyl).

KIRBEŇKE, kön. s. 409,5 grama barabar agyrlyk ölçegi, gadak. Iki kirbeňke tüwi.

KIRBEŇKELIK, kön. s 409,5 grama den bolan agyrlyk ölçelýän (daş). Kirbeňkelik daş.

KIREÝ, Ulag bilen edilen işiň haky ýa-da wagtlaýyn alnan jaý, mal üçin berilýän töleg. Kireýine tutup üç düýe, Özüne ýeten ojary, Bazara äkitdi daňdan, Ene-de çekip ejiri (Çary Aşyr, Poemalar).

Kireýsiz kilim kakylmaz (nakyl). Guş ganatyndan, kireý islemez (nakyl).

<>Diliňden kireý islemek — aýtmaly zady aýtman saklanmak.

KIREÝKEŞ, Öz maly bilen kireý edýän, kireýine ýük daşaýan, iş edýän adam.

KIREÝKEŞLIK, Öz maly bilen kireý edijilik, kireýine ýük çekmeklik käri. Rus ilatynyň arasynda ep-esli bölegi dürli promyseller bilen — tokaý, kireýkeşlik promyselleri bilen meşguldylar («SSSR-iň ykdysady geografiýasy»).


KIREŇ, 1. ser. K i r.

Ol düýbünden kireň degmedik owadan halynyň ýüzüni dyrmaýardy («Mydam taýýar» gazeti). 2. Nägileçilik, närazylyk. Göwnünde çigit ýaly kireň bolmadyk, Hoşgeldi bolsa öňki oturyşyny üýtgetmän, bu boluşlara perwaýsyz garap oturdy (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KIREŇSIZ, ser. Kirsiz. Ýigidiň sadap ýaly kireňsiz ak dişleri ýyldyrady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


KIRJIKDIRMEK, Kir ýokdurmak, sähelçe kirletmek, kirikdirmek. Egin-eşikleri kirjikdirmek.

KIRJIKMEK, Sähelçe kirlemek, kirilmek. Kostýum birneme kirjigipdir.

KIRIKDIRMEK, ser   Kirjikdirmek.


KIRIKMEK, ser .Kirjikmek.


KIRIŞ, 1. Saz gurallarynyň tary, sim. Bu çalýan sazymiň hoş owaz berşi, Perdesi kümüşdir, polatdyr kirşi (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Tamdyranyň kirşi çig ýüpekden işilýär.

2. Ýaýyň iki ujuna dartylyp daňylýan eriş. Ýaýyň kirşi zarňyldap durdy. Gaty çekip ýaýyň kirşini üzmek.

3. Gurluşykda diwarlary göni salmak üçin we ş. m işlerde ulanylýan, gazyjaklara dartdyrylyp berkidilýän ýüp. Gowaça hatarlary kiriş çekilen ýaly gönüdi («Pioner» žurnaly).


KIRIŞLEMEK, Kiriş tutmak, kiriş çekip işlemek.


KIR-KIMIR, ser. Kir 1. Hiç bir kir-kimir ýok asman ýüzünde, Ne tolkun, ne gom bar deňiz düzünde ( N Amanow , A. Kowusow, Balykçylar).


KIRLEMEK, Hapa bolmak, kir ýokuşmak, çirk bolmak, hapalanmak. Ol toprak, tozana teýim edensoň, kirläp giden köne namazlyk çykardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ak köýnek tiz kirleýär. Köp geýlip kirlemek.


KIRLETMEK, Hapa etmek, kir ýokdurmak. Ak telpegi kirletmek. Köýnegi kirletmek.


KIRLI. Hapa bolan, kirlän, kir ýokuşan, hapalanan. Ýeňleri goparylyp aýrylan kirli köýnegi bar eken (A. Gowşudow. Mähri—Wepa). Kirli donly garrynyň dilewarlygy oturanlary haýran galdyrdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


KIRLIK, Çaganyň geýimi hapalanmazlyk ýa owadan1yk üçin geýmiň üstünden geýdirilýän ýörite öňlük. Üstüne kirlik geýdirilen çaga.


KIRLIKLIK, Kirlik etmek üçin ýörite niýetlenip goýlan ýa-da biçilen mata. Kirliklik mata almak.


KIRLILIK. Kirli bolmaklyk, hapa bolmaklyk, kirliklilik. Geýimiň kirliligi.


KIRPI, zool. Bedeni syh-syh tikenli jandar. Kirpiniň tikeni ýaly gür sakgalyny welin, hemişe syrýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


KIRPIK, Gözüň gabaklarynyň gyrasyna çykýan gyl. Ýaý ýaly gara gaş, ok deý kirpikler Awlajaga meňzýär gulaý ýeteni (B. Kerbabaew, Aýlar). Kirpikleri jaýta1yp, inçeçik iňňe ýaly ýalpyldady (A. Durdyew, Saýlalan eserler).

<> Kirpigiň kaklyşmazlyk — ser Kaklyşmak.

Kirpikleriňi butnatman ser etmek — üns, pikir berip seretmek. Diň-duşleriň hemmesi kirpiklerini butnatman ser etdiler «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


KIRPIKMEN, Kirpigi uzyn, gür we uzyn kirpikli. Nurlanýar kirpikmen gara gözleri, Çünki görjek gatlaň gurlanny doly. Soňra görüp ol Leniniň suratyn, Kirpikmen gözlerin aýyrmady ondan. Hasratly gaýgyda galyp kellesi, Kirpikmen gözlerni gamly gyrpdy (N. Pomma, Saýlanan eserler).


KIRSIZ, Kiri ýok bolan, kir, hapa ýokuşmadyk, kirlemedik, kireňsiz, arassa. Kirsiz geýim.


KIRŞEN, Torç edilen ýoldaky toprakdan ýa-da topur gumdan emele gelýän ýeňiljek tozan, çaň, toz. Demirgazykdan gelýän sowuk şemal çägesöw kirşenleri asmana göterýär (B. Pürliew, Ilkinji gün). Şu ýigit hem gum, kirşen bilen gaty «owadanlanjak» bolýar — diýdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


KIRŞENSIZ, Kirşeni bolmadyk, kirşeni ýok. Kirşensiz galan Günüň ýüzüni topbak bulut örtdi («Mydam taýýar» gazeti). Aý aýdyň aýazly gyş gijesi kirşensiz asmanyň ýüzünde ýyldyzlar ýyldyraşýar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Kirşensiz ýol.

<> ýüregi kirşensiz adam — ser. Ý ü r e k I.