ÝÜK
|
|||
ÝÜK, 1. ýüklemek üçin, ulaga urmak üçin taýýar edilip goýlan zat, haryt. Ýük ýüklemek we düşürmek baradaky ähli operatsiýalar doly mehanizmleşdirilipdir («Sowet Türkmenistany» gazeti). Aňyrdan ýadap gelýän kerwenler şu ýerde ýüklerini ýazdyryp, üç günläp dynç almagy makul gördüler («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Ýük egrisi uzak gitmez (nakyl). 2. Öýüň dulunda galdyrylyp goýlan ýorgan-düşek. 3. göç m. Azap, jebir, jepa. Meni şu hetde ýetiren durmuşyň agramly ýüküdir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Diýdiň. Merdandyr yşk ýükün çeken (R. Seýidow, Bagtlylar). <> Ýüke werdişýük ýüklenmäge, ýük urulmaga endik eden, ýükçi. Hindiler ýüke werdiş gatyr ýaly iňlisleriň pulemiotlaryny çekýärdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). <> Ýüki agralmakişi etmek, işi köp bolmak. Günbe-günden agralýardy ýükümiz, Baýlara siňýärdi zähmet hakymyz (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Eje jan, sen meniň halymy soramaga geldiňmi ýa ýükümi biraz agraltmak niýetiň barmy? («Sowet edebiýaty» žurnaly). <> Ýüki aýrylmak dert-den, gaýgydan dynmak, alada-azapdan halas bolmak. Ýolli bolsa üstünden agyr ýük aýrylan adam ýaly, özüni lampa aşak göýberdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de). Ýüki ýetmek derdi artmak, aladasy, azaby köpelmek. ýüki saman iş oňarmaýan, biderek, boş. Başga bir bezemen adamyny görkezip: Ine bu adamyň geýimine seretme! diýseň Ýüki samanmy? diýip, oňa ýigrenç bilen seredýär (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ýüküni ýeňletmek gaýgy-gamyny azaltmak, jepasyny, derdini ýeňletmek. Iş Sapargüli, ýadatmady, gaýtam onuň ýüküni ýeňletdi («Sowet edebiýat» žurnaly). Nähili-de bolsa, bagtly durmuş sergisini açýan şol sözler ony ýumşatdy, ýüküni ýeňletdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ýüküni tutmak gerekli zatdan şaýyny tutmak. Ok-ýaragdan ýagşy tutup ýüküňiz, Şundan göni Reçitsa gitmeli (A Nyýazow, Şygyrlar). Ýigrimi ýedi düýäniň bugdaý ýüküni tutup, yzymyza öwrüldik (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). ÝÜKLEMEK, 1. Bir zada ýük urmak, ýük basmak. Artyk alaşasyny Aşyryň kakasy Sähet golaga tabşyryp, azygyny daýhanlaryň eşeklerine ýükledi (B Kerbabaew, Aýgytly äňim). Ol iki sany mähnet meşigi eşege ýükledi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). 2 göç. m. Birine bir zady yerine ýetirmegi tabşyrmak, bir zady etmäge borçly etmek. Meniň öňki işimiň üstüne wagtlaýyn yene bir iş ýüklediler. <> Günä ýüklemek ser. G ü n ä. Şolar ýaly haýynlaryň günäsini bolşewige ýüklemek bolmaz ahyry! (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Töhmet ýüklemek ser T ö h m e t. Ol meniň boýnuma töhmet ýükläli bäri, men onuň bilen hiç wagt duşuşmadyk bolsam nätjek diýip, Wepa jogap berdi (A. Gowşudow, Eserler). Üstüne ýüklemek bir işi ýerine ýetirmegi birine tabşyrmak. ÝÜKLENMEK, 1. Ýük urulmak, ýüklenip goýulmak, ýük basylmak. Şu ýyganja ýowşanlarymyzyň özi ýüklenip, eşegimiziň öz i öýümize dikgirdäp barsa diýýär («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy») Mawy bir näçe gün mundan ozal, Eziziň saraýyna garawul bolan gijesi bir näçe ýaraglaryň düýe ýüklenenini görüpdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2 göç m. Bir zadyň ýerine ýetirilmegi tabşyrylmak, bir zady etmäge borçly edilmek. Salgydyň bütin agramy barly synplaryň üstüne ýüklendi (SSSR taryhy).
ÝÜKLETME- ýükletme derejesi gram. hereketiň sözlemiň eýesi tarapyndan edilmän, onuň buýurmagy, tabşyrmagy boýunça başga biri tarapyndan edilýändigini aňladýan işlik formasy. ÝÜKLETMEK, ýük urdurmak, ýük basdyrmak Bitertip ýükletseň, şondan köp ýerleşmez («Sowet edebiýaty» žurnaly). ÝÜKLEŞDIRMEK, ýükleri ýüklemek, ýükleri ýükläp çykmak. Sähet daň bilen turup, öz adamlary ýola düşmek üçin azyk-suwluklaryny düýelere ýükleşdirmek işi bilen meşguldy (A. Gowşudow, MähriWepa).
ÝÜKLEŞMEK, Ýük ýüklemäge kömek etmek, ýük urmaga kömekleşmek. Durdy meniň ähli goşumy maşyny ýükleşdi. Odunyňy-da ýükleşeýin («Sowet edebiýa žurnaly). ÝÜKLI, ýük urlan, ýük ýüklenen, ýük basylan. Agalaň alaňyna gelýän galla ýükli kerweniň yzy üzülmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol üsti gury odundan ýükli 5 sany eşegiň kerwen ýaly bolup gelýänligini gördi. Ders ýükli arabalar ýaýkyldaşyp barýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly). ÝÜKSÜNMEK, Agyr görmek, ýük bilmek, kyn görmek? Men seni ýüksündimmi? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝÜKÇI, Ýük daşamaga gaýym, ýük götermäge turgenleşen, ýük götermäge ukyply, ýüke werdiş (mal bara-da). Dogrudan hem ýükçi arwanalaryň ýük çekmekden, ýaňa örküjiniň gapdallary ýara bolardy (A. Gowşudow. Eserler). |