SÖZLÜG ; Ý- HARPY;
ÝÜL

ÝÜLMEÝJI, ýülmemek bilen meşgul bolýan, ýülmemek işini edýän, nagyş salýan. TSehiň ýülmeýji bölüminde hem iş örän gyzgalaňly gidýär («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÝÜLMEK,  Sürlüp ýylmanak  bolan, taýpy. Ýülmek aşyk.

<> ý ü z i    ýülmek    adam — ser   ý ü z. Meniň hojaýynym ýüzi ýülmek, goňrasdy («Mydam taýýar» gazeti).


ÝÜLMEMEK, Ýüzüni gyrdap ýylmamak, ýülmenek etmek, taýpy etmek. Bir bölejik almazy ýülmäp otyr hemişe (A. Atajanow, Arzyly myhman). Aşygy daşa oýkap ýülmemek.


ÝÜLMENMEK, Ýülmenek edilmek, ýylmanyp ýüzi gyrdalmak, taýpy bolmak. Her bir daş şeýle bir gowy ýülmenipdir (Gadymy dünýä taryhy). Daşynyň ak galaýysy ýülmenen mis jamy orta goýdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).