ÝÜŇ |
ÝÜŇ, Haýwanlaryň derisiniň üstündäki ýumşak tüý örtügi. Düýe ýüňünden çekmenli adamlar aýbogdaşlaryny burup otyrdylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider (nakyl). Bibi ejesine ýüň tüýdüşdi. <>Ýüň sakgal bolmak başga biri üçin kişiniň öňünde ýalançy bolmak, birini aldap masgara bolmak. Emma hyýallar dünýäsinde ýaşamagy gowy görýän adamlaryň eýýäm ençeme gezek ýüň sakgal bolandyklary mälimdir («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ýa, bu-ha oňarjak-ow, bizi ýüň sakgal etjek-ow! (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýüňi ýetmek 1) mazaly güýje girmek, jahyl çykmak , ýetişmek. Biziň galalarymyzda ýigrimi bäş ýaşy dolduryp, ýüňi ýeten goç ýigitler her gün gijara galanyň bir gapdalyna ýygnanyşýardylar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar); 2) Ýetjek derejesine ýe-mek, barmaly hetdine barmak, bahasy ýetmek. Ylaýta -da, Gulluhanyň ýüňi yetdi. Mamanyň ýüňi etdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝÜŇJÜMEK, Tüýjerip duran, ýüňi üpür- çüpür bolan. Irimçik ýüňjemek süýümli birýyllyk formany 1941-nji ýylda almaklyk bize başardypdy (W. Kulebeýaew, Inçe süýümli sowet gowaçasynyň TSSR-däki täze sortlary). ÝÜŇLEK, Ösgün ýüňli, gür ýüňli, ýüňi köp berýän. Ýüňlek goýun. |