ÝÜW
|
|||
ÝÜWRÜK, ser. Ý y l d a m. Mesliginden jylaw çwýnäp ýüwrük at, Basan ýerin köwläp, gumdan ýol açýar.(N. Pomma, Saýlanan eserler). Gelipdirler ýüwrük atly ýaragly («Görogly» eposy). Ol, ýüwrük atlaryň hojaýynydy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Ýüwrük ýaryşda belli, namart tabakda (nakyl). It ýüwrügin tilki söýmez, gamly kişi gülki söýmez ( nakyl). <> Ýüwrük eller çalasyn hereket edýän işleýän el. Onuň bir eli keserli, bir eli ýüpli, ýüwrük elleri gözleriniň yzyna eýerýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝÜWRÜKLIK, ser. Ý y l d a m l y k. Taýyň ýüwrükligi git-gide artýar. ÝÜWSE, Tikin tikilende barmagyň ujuna geýdirilýän, teletinden, gaýyşdan edilýän ýa-da metal enjam. Goýsana, gyz, ol seniň göwnüňedir diýip, eteginden tikýän jambörügini alyp, dyzynyň üstünde goýdy, barmagyna ýüwsesini ötürip, keşde etmäge oturdy (Durdyew, Saýlanan eserler). ÝÜWÜRDILMEK, Dokamak üçin dokmanyň erşini gerip, taýýar edip goýmak. Öýüň gapböwründe ýüwürdilen düýnhalynyň üstünde Aýnanyň ýeke özi oturyp, başyny aşak salyp, dokma dokaýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝÜWÜRDIŞMEK, ýüwürtmäge kömelleşmek. A gyz Nurjahan, şu gün eliň degse, maňa bir dokmajyk ýüwürdişeweri! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Maral ejesine dokma ýüwürdişip otyrdy. ÝÜWÜRJI, Gelin maşgalanyň öz adamsynyň erkek doganyna
garyndaşlyk taýdan berýän ady, Göwünli-göwünsiz bir gün Ýüwürjime
dakdylar (B. Kerbabaew, Poemalar). Ýüwürjisiniň gelenine begenip, onuň ýüzi
açylmady, gaýta gamaşdy (
ÝÜWÜRMEK, ser. Y l g a m a k. Saryja ýüwürende, misli ýyldyz ýaly süýnüp barýardy (J. Akyew, Mergniň ogly). Ol alys ýerden ýüwrüp gelen ýaly, sojap- sojap demini aldy (G Kulyew, Köpetdagyň aňyrsy). ÝÜWÜRTMEK, Dokamak üçin erşi gerip, dokma taýarlamak. Uly bir zat hem däl-le, çalçajyk ýüwürtjek (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Nusga üçin saýlap baglaryň gülün, Dalanyň astynda dokma ýüwürtdi. (N.Pomma, Saýlanan eserler). <> Göwun ýüwürtmek ser. Göwün. Öz ýanyndan göwün ýüwürdip, obanyň uly gyzlaryny başdan-aýak synlap çykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Nabat eje göwün süýji hyýallara gark bolupdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). |