ÝÜZ
|
|||
ÝÜZ I, 1. Adamynyň kellesiniň öň tarapky bölegi. Begenjiň güne ýanan ýüzi gyzgylt goňras bolup görünýär (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Görmegeý ak ýüzi çalaja derläp, Rus aýaly otyr oglun gujaklap («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Zadyň üst tarapy, üsti, ýokarsy. Daražyk ýoda beýik gaýalaryň ýüzi bilen geçýär. (A. Gowşudow, MähriWepa). Halynyň ýüzi çaňjarypdyr. 3. Umuman daşky görünýän tarap. Gögüň ýüzi ýaly durlandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ýüzi gowy agarypdyr. 4. Düzüw tarapy (matanyň we ş. m.). Bu matanyň ýüzi haýsy, çöwre tarapy haýsy biler ýaly däl. 5. Kömekçi söz rolunda: Guşlar howanyň ýüzünde gaýýardy. <>ýüz bermek Hajyk - hujuk etmek, gowy kabul etmek, goldamak. Ol biziň ýüz berenimize begenip, örän içgin gürrüňleşdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ýüz görmek Dostparazlyk, tarapgöýlik zerarly sylamak, ilden artyk, başgalardan ileri tutmak. Ine bulary-da goşmak gerek ekeni, emma ýüz görüpdirler (B Pürliýew, Ilkinji gün). Ýüz göreniň ýüzi gursun (nakyl). Ýüz döndermek ýüzüňi sowmak, boýun towlamek, el çekmek, dänmek. Kim bilýär, belki indi ondan ýigitler ýüz dönderjek. Sen üstüňe gelen bagtdan ýüz dönderme (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýüz otdan yssy ýüzüne gelip bilmezlik, ýüzüne aýdyp bilmezlik. Ýüz öwürmek1) aragatnaşygy bes etmek, terk etmek, onşuksyzlyk zerarly tersleşmek, dönmek. Özleri menden ýüz öwürýärler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Eger ol hem menden ýüz öwürse, onda meniň işim gaýtdygy! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim); 2) bir tarapa, bir ugra ýüzlenmek. Samoliot şäheriň üstünden bir aýlandy-da, gaýralygyna baka ýüz öwürdi. Ý ü z amak närazy bolmak, kineli, öýkeli görnüşde bolmak, utanjyňdan ýere bakmak, öýkelemek. Barsam, başlyk ýüzüni sallap otyr («Tokmak» žurnaly). Onuň keýpi çöp döwlen ýaly boldy, ol ýüzüni sallap, güllerini göterip, dähedem-dessem edip, yzyna gaýtdy. (N.Pomma, Taýlak hyzzyn). Ýüz saraltmak birine boýun bolup dileg salmak, dilemek. Hiç wagt olaryň ýanyna baryp, boýnuňy burup, ýüzüňi saraltmak gerek däl (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ýüz sowmak ser. Ý ü z ö w ü r m e k. Ol näme üçin senden ýüzüni sowýar? Ýüz sapajaklatmak dogry garap bilmezlik, dogrusyny aýtmajak bolmak, dogry bilmezlik. Ý ü z t a p m a k gowy
Ýüz turşatmak1) nägile, närazy bolmak. ýüz çytmak. Mele donly, ak sakgal, bili bükülen bir adam ýüzüni turşatdy (B. Kerbabaew, aýgytly ädim); 2) howanyň ýüzi bulaşyp başlamak. Gyş howasy kem-kem ýüzün turşatdy (D. Baýmyradow, söygi we kekirlik). Ýüz tutmak dileg, kömek, sorag, haýyş we ş. m. bilen birine ýüzlenmek, maslahat almak. Märeke ýerli-ýerinde oturandan soň, Annak yerinden galyp, märeke ýüz tutdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).Men MTS-e, raýkomyň sekretaryna ýüz tutdum(B.Pürliew, Ilkinji gün). Ýüz urmak bir işe girişmek, baş goşmak, bir iş bilen meşgul bolmak. Gurt şol günden başlap, jenaýat işlerine ýüz urupdy (A.Gowşudow, MähriWepa). Ýüz çydamazlyk Bir zady etmäge ýürek etmezlik, ynsaby çatmazlyk, wyždany etmezlik. Emma ony diýmäge Myradyň ýüzi çydamady, çaý bermeli boldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Onuň kesesinden ýüzüň çydar ýaly däl (B. Kerbabaew, Çekişmänçekişmez). Ýüz çytmak agry zerarly ýa-da gahar, öýke zerarly nägilelik bildirmek. Alabeder goşunyna garap, ýüzüni çytyp duran Eziziň aýylganç gözlerine gözi düşen dilmaç oňa wehim berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ý ü z-de-göz ýüzbe-ýüz duran, garşyma-garşy, ýanaşyk. Ynha özi bir, ýüz-de-göz, aytsyn, munuň dilegini bitirmedik wagtym barmydy? Ýüze gelmek aýybyny ýüzüne aýtmak, ýüzüne goýmak, ýüzleşmek. Ý ü z e sylmak Togap etmek, ýagşa ýykgyn etmek, ýagşylygy dileg etmek, berlen zada begenmek, ýüzüňe sürtmek. Keýwany seretdi, geň galyplar seretdi. Içini açyşdyryp Gördi, ýüzüne syldy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Ýüze tutarlygy ,ýok derde ýaramaýan, ugursyz, ýaramaz. Ýüze çykarmak äşgär etmek, aýan etmek, üstüni açmak, aýdyňlaşdyrmak, Deňeşdirme obýektiw dünýäniň predmetleriniň, hadysalarynyň meňzeşligini we tapawudyny ýüze çykarýan logiki usuldyr. (S.N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika). Ý ü z e ç y k m a k peýda bolmak, emele gelmek, äşgär bolmak, döremek. Päle permany boýunça Orta Aziýa-daky bolýan bulançaklyklardan, ýüze çykýan wakalardan Söz açyldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýüzi ak tam bolmak gorkmak, utanmak we ş. m. zerarly reňňiň öçmek. Okuň şol wagtky bolşuny söz bilen aýdyp görkezmek hem aňsat däl, ýöne onuň reňki öçüp, ýüzi ak tam bolupdyr (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Bahar, sen syrkawlap dagy etdiňmi, ýüzuň ak tam-la, näme beýle hor? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýüzi açyk açyk göwünli, mähirli, mylakatly, mylaýym. Ýüzi açylmak 1) köpi gören, durmuşa doly girişen ýagdaýynda bolmak, utanmazlyk; 2), gahary ýatmak, öýkesi ýazylmak. Altynyň bu söze gamaşyp duran ýüzi açyldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýüzi b o z-ýaz bolmak çykgynsyz ýagdaýa düşmek, utanmak, uýalmak. Bu sözden soň onuň ýüzi boz-ýaz boldy. Ýüzi bolmazlyk abraýy bolmazlyk, hormaty ýokluk. Seniň gepläre ýüzüň barmy? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýüzi bulutly görünmek örän agyr ýüzli bolmak, gaýgyly, gamly görünmek. Ýüzi gaýdyşmak guramaga başlamak, solup başlamak. Ýaz otlarynyň ýüzi gaýdyşypdyr. Ýüzi gaýtmak 1) ýüzi zaýalanmak, kütelmek (pyçak, palta we ş. m. hakda); 2) alyjysy azalmak, az geçmek, gadyrsyzlanmak (haryt hak-da); 3) birneme gowulaşmak, gutulyşmak (ýara hakyn-da). Ýüzi galyň diýleni ýüzüne almaýan, aýdylýan zatlar ýokmaýan, utançsyz, binamys. Dogrusy, ol tüýs bir ýüzi galyň, gedem adam ekeni («Tokmak» žurnaly). Ýüzi gamaşyk1) gahary gelmek, gaharjaň görnüşli bolmak. Onuň ýüregi gahar-gazap bilen doldy, ýüzi gamaşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Altynyň bu söze gamaşyp duran ýüzi açyldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler); 2) ýüzi tutulmak, bozulmak, bulaşmak (howa hakda). Howanyň ýüzi gamaşyp dur. Ýüzi gylawlamak suwy süýjäp başlamak, ýaňy bişip ugramak. Gawunlaryň ýüzi gylawlapdyr. Ýüzi ýok1) biriniň ýanynda hetdi, abraýy, sylagy, hormaty ýok. Oňa jogap berip bilere biziň ýüzümiz ýok (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim); 2) hyrydary ýok, alýan ýok, ýüzüne hem seredilmeýär. Geçen bazarda-ha malyň ýüzi ýokdy. Ýüzi ýülmek adam sakgalsyz--murňuz, köse. Ýüzüni kese-kese sowmaknärazylyk bildirmek, dikanlap seretmezlik, öýkelemek. Ýüzi kölegesiz Juda sary, çypar (adam hak-da). Ýüzi salyk tukat görnüşli, öýke-kineli gezip ýören, tukat. Aşyryň ýüzüni salyk gören ejesi onuň tarapyny çaldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Öňki şatlyk ýok onda, ýüzi ören salykdy (M. Seýidow, Çoluk). Ý ü z i solgun ünjüli, aladaly, gaýgyly. Ýüzi täzelenmek guratlanyp başlamak, semräp ugramak. ýüreklerine kuwwat gelip, damarlarynda gan ýöredi, adamlaryň ýüzleri täzelendi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ýüzi ýagtylmak 1) bir zada begenip şähdi açylmak. Oho! diýip, ýüzi ýagtylyp gitdi, Dostlaryna guwanç bilen seretdi («Sowet edebiýaty» žurnaly); 2) ýüzüne et-gan inip ugramak, semräp başlamak. Ýüzünden gar ýagmak ýüz-gözünde rehim-şepagat bolmazlyk, gaharly görünmek. Onuň ýüreginiň awaýandygy, ýüzünden gar ýagýandygy hem şonuň üçindi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Berdi aganyň ýüzünden gar ýagýar, serederligi ýok (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýüzünden ýüz güjük doýjak hapysa, çyrşakly. Ýüzüne ser ediň, ýüzünden ýüz güjük doýjak (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýüzüne almak tiz kirlemek, çala ýokuşan zat ýüzünde belli bolup durmak. Ak tam azajyk hapany-da ýüzüne alýar (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Ýüzüne atanak çekmekpeýdasyn-dan geçmek, terk etmek, hasapdan çykarmak. Ý ü z ü n e basmak Etmişini, kemçiligini göni ýüzüne aýtmak. Gülsoltany ilden gabakýandygyny, gadymky güni aýallaryň urluşy ýaly urup horlaýandygyny Akgözel ejäniň ýüzüne bazladyp basdy (N. Pomma, Taýlakhyzzyn). Ýüzüne gara sürtmek mynasyp bolmadyk iş etmek. Ýüzüne gara çekmek kömek etmeli ýerinde görünmezlik, bolgusyz iş etmek, utanmazlyk. Ýüzüne goýmak ser Ý ü z ü n e basmak. Gylyç Gajarowyň bar etmişlerini birin--birin ýüzüne goýdy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ýüzüne diýmek dogrusyny dogry aýtmak, aýybyny ýaşyrmazlyk, kemçiligini özüne aýtmak. Ýeňsäň-den gürrüňini etmän, ýüzüňe diýerin. Ýüzüne durmak günäsine şaýat geçmek, ýüzleşmek. Sudda günäkeriň ýüzüne durdy. Ýüzüne ýüzi düşmek biri-birini görmek, biri-birine gözi düşmek. Ýüzüne sine seretmek tanajak bolmak. Ýüzüne tüýkürmek nälet aýtmak, näletlemek. Ýüzüne çiňerilmek ýiti-ýiti seretmek, siňe seretmek. Ýzüni almak gaty-girim söz aýtmak, dalamak, ynjytmak, azgyrylmak, käýmek. Ýüzüni ýere basmak Äsgermezlik etmek, gulak asman gitmek, öz diýeniňi etmek Ol gyz olaryň, barynyň ýüzüni ýere basdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýüzüni ýere bermek ser Ýüzüni ýere basmak. Ýüzüni ýere çalmak halys masgara etmek, abraýdan düşürmek, biabraý etmek. Ýüzüni sypamazlyk nädogry işi üçin ýüzüni ýuwmazlyk, bimamla hasap etmeklik. Men hem öz agzyma burnum diýýenlerden däl-dirin, göwnümden turmasa, ýüzüni sypaman. Meniň-de doganym weli, şu bolmy bilen men-ä onuň ýüzüni sypap bilmen («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýüzüni ýuwmak1) tarapyny çalmak, biriniň etmişini delile getirjek bolmak. Men kakamyň ýüzüni ýuwamok, ýöne seniň kakaň hem öwerlikli işläp baranok (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde), 2) suwy süýjemek, ýaňy bişip ugramak (üzüm we ş. m hakda). Halyly eýýäm ýüzüni ýuwup başlapdyr. Ýüzüniň gany gaçyk gorky, kesel, näsaglyk zerarly ýüzi saralan, ýüzi soluk. Ýüzüniň gany damaýyn diýýär semiz, sagdyn. Ýüzüniň gan-koky ýo k ser Ýüzüniň gany gaçyk. Ýüzüniň perdesini syrmak paş etmek, üstüni açmak. Ýüzüniň reňki öçmek ýüzi ak tam bolmak, ýüzünde reňk-pet galmazlyk. Ýüzüniň ugruna 1) gele-gelmäne, gelen badyna, gelşine, derrew. Şol halatda ýeňňesi hem siltenjiräp turdy we içini hümledip, ýüzüniň ugruna daşaryk çykyp gitdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler), 2) gidip barýarka, ýol ugruna, ýolda, gidişin. Ýüzüniň ugruna bazara-da degip geçdi. Ýüzüniň ýagy damaýyn diýýär ser. Ýüzüniň gany damaýyn diýýär. Ýüzüň bir gat hamy gopmak gaty erbet utanmak, uýalmak. Ýüzüň ganyny gaçyrmak gaharyň gelip uruşjak, söguşjek bolmak. Oňa ýakmaz söz diýdim welin, ýüzüniň ganyny gaçyryp dur. Ýüzüň gyzarmak utanyp, ýüzüňe gan ýygnanmak, ýüzüň üýtgemek, utanmak, uýalmak. Weziriň bolsa gaty gahary gelipdir we utanjyna ýüzi gyzarypdyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Ýüzüň gyzmak ser. Ýüzüň gyzarmak. Ýöne weli, Tokar jan, öňürti sapagyňy taýynlamaly, mugallymyň öňünde ýüzüň gyzmaz ýaly, oňa türgenlemeli (B. Kerbabaew, Yhlasa myrat). Ýüzüň düşmek arzuw edýän maksadyňa ýetmek, mätäçlikden çykmak, bir zada eýe bolmak. Meniň--de agtyga ýüzüm düşer («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýüzüň üstünde burnuň bar diýmezlik hiç zat diýmezlik, edenine däl diýmezlik. Näme etseň hem indi biz saňa «ýüzüň üstünde burnuň bar» diýmäli diýip, sözüne başlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýüzüni aşak salmak müýnli bolmak, çekinmek, utanmak. Ýüzüni göge tutmak ser Ý ü z ü ň i ýokary tutmak. Her kim öz güýjünden daşary gitse, ýüzün göge tutup, men-menlik etse, Abraýdan düşer, masgara bolar (A.Salyh, Ýolbars we tilki). Ý ü z ü n i ýokary tutmak ulumsylyk etmek, gopbamsyramak. Näme ýüzüňi ýokary tutup, görmedik bolup barýaryň? diýip, belçireýän ýaly etdi (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýüzüni sortdurmak torsarlamak, nägilelik bildirmek. Ol ýüzüni sortduryp otyr. Agyr ýüzli 1) ýüzi salyk, gaharly, hyrsyz. 2) geplemezek, az gepleýän. Garrylyga ýüz urmak ser. G a r r y l y k. Balam, men indi garrylyga ýüz urupdyryn (Myraly). Ýalaň ýüz sakgal çykmadyk, sakgaly ýok. ÝÜZ II, 100 ňifriniň ady we onuň mukdary. Meniň kolhozym her bir tarapdan her ýyl özüniň planyny ýüz protsentden ýokary geçirýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýüz namart bir merdiň ýerini tutmaz (nakyl). Ýüz goýun tükener, ýüzügaralşk tükenmez (nakyl) <>ýüz başly öý ýüz sany ugry bar bolan öý. Aslynda, ýüz başly, dörtganat garaja öý Artygyň ejesine, onuň özüne-de han otagyndan enaýy görünmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝÜZBAŞY, kön. S. Ýüz adamdan ybarat bolan goşun bölüminiň ýolbaşçysy. Eziz ony atlylarynyň içinden agtartdy, onbaşy, ýüzbaşylardan sorady. Ol, çaky, uly bir tiräniň başy hem ýüzbaşy bolara çemeli (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝÜZBE-ÝÜZ, Garşyma-garşy, ýüzleri biri-birine gabat bolan, garşydaş. Duşman bilen ýüzbe-ýüz durup atyşmagy unutma (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýigit hem onuň bilen ýüzbe-ýüz geleninde, hemişeki bolşuny saklap bilmän, bir hili üýtgeýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Hoşlaşdylar dostlar, ýüzbe-ýüz bolup, Seň üstüňde bäş deňizçi jan berdi (A. Nyýazow. Şygyrlar). ÝÜZGÖRÜJI, Tarapgöýlik edýän, ýüz görüp iş salyşýan, hemmelere deň göz bilen seretmeýän. Ýüzgörüji adam. ÝÜZGÖRÜJILIK, Tarapgöýlik edijilik, hemmelere deň göz bilen seretmezlik, ýüz görüp iş salyşmaklyk. Ýüzgörüjilik etmek bolmaz. ÝÜZGÜR, sport. Suwda ýüzmäge ökde, ýüzmäge türgen bolan, suwda gowy ýüzüp bilýän. Biziň komandamyzda ýüzgür sportsmenleriň sany barha köpelýär. ÝÜZGÜRLIK, sport. ýüzmäge ökdelik, ýüzmäge türgenlik. Bu derýadan ýüzüp geçmek üçin ýüzgürlik gerek. ÝÜZGÜÇ, Suwda bolýan, çalasyn ýüzýän garajj möjek. ÝÜZDÜRMEK I, Suwda ýüzmäge mümkinçilik döretmek, öwretmek, ýüzüş etdirmek Bedenterbiýe mugallamy 7-nji klasyň okuwçylaryny suw howdanyna ýüzdürmäge alyp gitdi. ÝÜZDÜRMEK II, Damagy çalnan malyň hamyny el sokup soýdurmak. Goýnuň derisini ýüzdürmek. ÝÜZIN [ýüzi:n], ýüzüňi, göwräňi aşaklygyna edip arkan däl, ýüz tarapyň üstüne.Ondan soň ony gaty ýerde ýüzin ýatyryp, aýaklarynyň üstüne mündiler(B.Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň dyzy hem bir zada degip, ýüzin ýykyldy (A.Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). <> ýüzin salmak örän gaty çapyp gitmek, aýak aldygyna çapmak, at salmak.Kybla garap guýrugyny jaýtardyp, ýüzin salyp ötägitdi. Arap zaňňar atyny ýüzin salyp gelýär («Görogly» eposy). Ýüzin düşmek beterine tutmak, aşa geçmek. Ýüz berilse, ýüzin düşer etme (nakyl) ÝÜZLEÝ, 1. Çuň däl, ýüzüne golaý, has ýokarrakdan, ýüzräginden, çalaja. Ýeri näçe ýüzleý depseň, ekiniň hasyllylygy az bolýar. 2. göç.m. Sowuk- sala, bolar-bolmaz, düýpleýin däl, gowşak.Ol soňky wagtlar guramanyň işine ýüzleý ýolbaşçylyk edenligini öz içanden boýnuna almaga mejbur boldy (N. Jumaew, Ak derek) . Durmuşa şeýle ýüzleý garaýan adamlar ýaşlaryň arasynda-da bar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Men ýüzleý gözden geçirdim (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). ÝÜZLEK, Biriniň ýüzüne bir zady göni aýtmaga utanýan, ýygra, çekinjeň, utanjaň, ýüzlek adam. ÝÜZLEKLIK, Utanjaň häsiýetlilik, ýygralyk, çekinjeňlik. Ýüzleklik etmegiň geregi ýok. ÝÜZLENME', Köpçülige ýüz tutulyp aýdylýan söz, haýyş, çagyryş.Gurultaý özüniň halka bolan birinji ýüzlenmesinde şeýle mälim etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Biziň kolhozymyzyň adamlary Daşkent-de geçirilen maslahata gatnaşyjylaryň ýüzlenmesini ara alyp maslahatlaşdylar («Sowet Türkmenistany» Gazeti). <> Ýüzlenme belgisi, gram. ýüzlenme sözleminden soň goýulýan belgi ('). ÝAzuwda ýüzlenme sözleminden soň ýüzlenme belgisi goýulýar. ýüzlenmie sözlemi, gram. ser S ö z l e m. ÝÜZLENMEK, 1. Bir tarapa ugramak, bir tarapa gönelmek, bir tarapa gitmek, bir ugra hereket etmek. Şol wagt gyrkymçylar hem şu günki gyrkymyny gutaryp, teläre bakan ýüzlendiler (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Aýna kädisini arkasyna alyp, Artykdan taýa ogryn göz gezdirdi-de, yzyna bakan ýüzlendi (B. Kerbaew, Aýgytly ädim). 2. Birine ýa-da köpçülige ýüz tutmak, hemmeleriň pikirini özüňe çekýän söz aýtmak, çagyryş bilen ýüz tutmak. Komissar Alioşa ýüzlendi. Ol ondan soň garnizon naçalnygine ýüzlendi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝÜZLERÇE, Bir näçe ýüzden ybarat bolan, ençeme ýüzden düzülen. Bu ýerde maşynlar bilen ýaraglanan sähelçe adam, ýekebara ýüzlerçe adamyň güýji ýetmejek işleri bitirýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler). ÝÜZLEŞDIRMEK, ýur. Günä ýüklenýäni ýa-da şaýady, şaýat bilen ýüzbe-ýüz edip soramak, iki adamy ýüzbe-ýüz edip meseläni anyklaşdyrmak. Eger sen meseläni aýdyň çözjek bolsaň, dawagärleri bir ýerde ýüzleşdir. ÝÜZLEŞMEK, ýur. Dawagäriň bilen ýüzbe-ýüz bolup meseläni çözmek, ýüzbe-ýüz bolup dawany çözmek. Men onuň ýaly aýal bilen ýüzleşmek islemeýärin (A. Durdyew, Saýlanan eserler). ÝÜZLI, Biriniň ýanynda sylagy, hormaty bar bolan, sözi diňlenýän, abraýly. Gulman arçyn beýik baýarlaryň ýanynda ýüzli hem gowy adam bolup görünjek bolup: «Men hasyla garaşyp durman, öz obamdan öý salgydyny ýygnajak» diýip, özi diläp alypdyr diýdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Kömek özüniň ýanynda ýüzli bolan adamlara özüniň ahyrky jogabyny berdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). <> A t ýüzli - süýnmegräk owadan ýüzli. At ýüzli adam. Güer ýüzli alçak, mylaýym, mylakatly. Orta boýly, etli-ganly, güler ýüzli Nursoltan sagyp gelen sygyrlarynyň süýdüni gazana guýup, üstüni gapak bilen örtdi-de, Aýsoltanyň garşysynda gelip oturdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). ÝÜZLÜK I, Ýüz manatlyk tutuş kagyz pul. Petde-petde ýüzlükleri alyp, kurorta geldimi, geldi (N.Pomma, Taýlak hyzzyn). Sygryň bahasyndan alnan ýüzlükler onuň penjesinden öz ygtyýaryna ýeke-ýekeden ýere gaçyp başlady («Tokmak» žurnaly). Inim, ynha şu üç ýüz manatlyk zaýom, üçüsi hem ýüzlük, şuňa näçe pul berýän bolsaňyz, berin! (A. Durdyew, Saýlanan eserler). ÝÜZLÜK, II Geýimiň, ýorganyň we ş. m. zatlaryň daş ýüzüne tutmaga ýaraýan. Düşegi bir gaty palas, ýapynjalary hem ýüzlügi çaşyp, ýüňleri tozgalaşyp duran iki sany ýorgan boldy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). ÝÜZLÜLIK, Biriniň ýanynda hormaty barlyk, abraýlylyk. Biziň arçynymyzyň baýar ýanynda ýüzlüligi şundan hem görünýär diýip düşündi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝÜZMEK I, 1. Batman saklanyp bilmek, eliň, aýagyn, we ş m. kömegi bilen suwuň ýüzünde hereket etmek. Gurbaga hem suwa girip, beýleki gyrasyna tarap ýüzüp ugrapdyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Ol suwda gowy ýüzýär. 2. Suwuň ýüzi bilen gitmek, suwuň ýüzünde hereket etmek (gämi we ş m. hakda). Derýanyň ýüzünde ýelkenli gämiler, ýelkensiz gaýyklar ýüzýärdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). <> Pikir derýasynda (kölünde) ýüzmek ser. P i k i r. Ol pikir derýasynda ýüzýärdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Ýüzýän pikir kölünde Her demim-de bir ýana (A. Kekilow, Saýlanan eserler). ÝÜZMEK II, Malyň derisini eliňi sokup, soýup aýyrmak, soýmak, hamyny sypyrmak. Uruş isläp, üstümize gelseňiz, Taýyndyrys burnuňyzdan ýüzmäge (Ata Salyh, Saýlanan eserler). ÝÜZÜGARA, 1. Umumy adaty, ýörelgäni bozan, günä iş eden, aýyply, etmişli. Sopy aýalyň öňünde ýüzügara bolmajak bolup, çopanyň puluny berip, derrew ony başyndan sowupdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). 2. Birine käýelip aýdylýan söz. Haram, ýüzügara, suwa gitse-de, edil ýatymlyk giden ýaly bolaýýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). ÝÜZÜGARALYK, Umumy adaty, ýörelgäni bozujylyk, aýyplyk, etmişlilik. Utanmaz. ýaman iş, ýüzügaralykdan, Çekinmez her hili masgaralykdan (B. Kerbabaew, Poemalar). Ýüz goýun tükener, ýüzügaralyk tükenmez (nakyl). ÝÜZÜJI, 1. ser. Ýüzgür. 2. Suwuň ýüzünde gaýyp ýören, suwuň ýüzünde hereket edýän. Ýakyn wagtlarda ýene-de bir ýüzüji elektrik stantsiýa guruljak. ÝÜZÜJILIK, ser. ýüzgürlik. Ýüzüjilik sportuna 836 adam gatnaşdy («Sowet Türkmenistany» gazeti). ÝÜZÜK, 1. Bezeg üçin bermaga ötürilýän, kümüş ýa-da gyzyldan ýasalýan, gaşly ýa-da gaşsyz halka. Şol wagt patyşanyň gyzynyň ýüzügi ýiten ekeni («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Gollary hynaly, bendin-de ýüzük, Edep bilen sözlär, gözleri süzük («Görogly» eposy). Altynyň barmagynda altyn ýüzügi bardy. 2. göç. m. Çakgy, ýüzük we ş. m. zat gizlenip, iki tarap bolup köpçülikleýin oýnalýan oýnuň ady, keçe-keçe. Durdy toýuň gonamalçylygyny öz eline alyp; ýüzük oýnajaklara baýrak belledi. Sen, han ogul, her näçe sarsmazlyk etseň-de, ýüzügi men senden alaryn (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). ýüzük oýunçylary bolsa keçe baýragy hantamady (A. Gowşudow, Eserler). ÝÜZÜKÇI, ýüzük oýnuna gatnaşýan, ýüzügi tapmaga ökde adam. Şundan çyksa meniň ýüzükçi bolmadygym. Artyk oňa güljegini, aglajagyny bilmän, ädik çykartmakdan, guşak çözdürmekden geçip, bir baş ýüzükçileriň ýanyna bardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝÜZÜŞMEK I, ýüzüp suwda ýaryşmak. Ýaş çempionlar güýç synanyşmak üçin suwda ýüzüşdiler. Olaryň komandasy ýüzüşmekde hem birinji orny eýeledi. ÝÜZÜŞMEK II, Mal öldürilende derisini soýmaga kömekleşmek, hamyny aýyrmaga kömek etmek. Sygyň hamyny Ata ýüzüşäýdi, bolmasa, meniň ýeke özümi gaty ýadatjakdy. |