SÖZLÜG ; Ý- HARPY;
ÝÜP

ÝÜP, 1. ýüňden, çöpürden we ş. m. işilip, ýük, mal--gara daňmak üçin ulanylýan bag, tanap     Çep gapyda iki kültem gara ýüp bilen göle hamyndan edilen tirkiş asylgy durdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gandym düýäni derrew çökerdi, ýüplerini çekip daňyşdyrdy  («Pioner» žurnaly). Muny şol syçan görüp ylgawyna gelip, ýolbars daňlan ýüpi dişi bilen kertip üzüpdir («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy») Ahyry «ýüp syrylyp, toýnukdan geçer», gelip derňelmän, hiç zat edilmez — diýip, başga biri jogap berdi (A Gowşüdow, Mähri — Wepa) .

Ýüp syrylyp, toýnuk-dan geçer (nakyl).

2. Haly dokamak üçin ýüňden egriden sapak, eriş. Dürli ýüpden haly-horjun dokýarsyň (N.Pomma, Saýlanan eserler) Käte çekip garryň igenç-gepini, özümiç reňkläp halyň ýüpüni («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Ýüpsüz daňmak — wada berip, wagtynda gelmezlik, köp garaşdyrmak.

Ýüpüniň üstünde odun goýup bolmazlyk — ynam edip bolmazlyk, jan ynanyp bolmazlyk, bil baglap bolmazlyk. Onuň ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaz — diýip bütin oba gürrüň edýärdi (A Gowşudow, Powestler we çekaýalar).


ÝÜPEK, 1 Ýörite saklanýan gurçugyň pilesinden emele gelýän önüm. Watan bizden ýüňi, ýüpegi köp talap edýär («Sowet Türkmenistany» gazeti) Mama ýüpegiň ujuny düwüji bolup işe başlady («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

Ýüpegi saklamasaň, ýüň bolar, gözeli saklamasan, — güň (nakyl).

2. ýüpekden edilen, ýüpekden taýýarlanan. Ýuka ýüpek köýnekli bir gyzyň el bulaýanlygy göründi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim) Ýüpek ýaglyk başyňda, sende görünmez çabyt (N Pomma, Saýlanan eserler).

<>Ýüpek çekmek — piläni gaýnadyp uç almak, ýüpegi gazanda gaýnadyp ilkinji gezek işlemek. Nabat ýüpek çekmek işine türgenleşipdir.

Ýüpegiň uçly' — ýüpek çekijä — Işiň şowly bolsun — diýen manyda aýdylýan aňlatma Myrat Ogulnur eje — Ýüpegiň uçly bolsun.! — diýende, ol hem — Döwletiň güýçli bolsun! — diýip jogap berdi.


ÝÜPEKLI, ýüpek garylan, ýüpek gatanjy bolan, tüýs nah bolmadyk. Ýüpekli Hywa donuny egnine atan Gulman baý eýwana çykdy (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


ÝÜPEKÇI, ýüpekçilik boýunça spetsialist, gurçuk tutup pile taýýarlamak bilen meşgul bolýan adam. Her bir kolhozda ýüpekçileriň ýörite brigadasy bar («Sowet edebiýaty» žurnaly) Ýüpekçiler gurçuk tutmak möwsümine taýýarlyk görýärler («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ýüpekçi gözeller aýdymlar aýtdy (R Seýidow, Bagtlylar).


ÝÜPEKÇILIK, Oba hojalygynyň gurçuk tutup pile almak bilen meşgul bolýan pudagy. Bize hökman gerek şu ýüpekçilik, Gowy zat şu ýüpek, söýýär köpçülik (G Seýitliew, Saýlanan eserler).Ýüpekçilik işi ymykly ylmy esasa goýuldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝÜPLÜK Mata, haly we ş m dokamak, bir zat tikmek üçin pamykdan, erişden egrilip taýýarlanan önüm, sapak.  Aýalym bolsa ýüplük egirýär, ol hem az-owlak gazanýar  Halyçylar ýüplükleri saýlaýarlar  («Sowet edebiýaty» žurnaly).