ÝÜR |
ÝÜREK I, anat. 1. Muskul halta şekili merkezi Gan aýlanyş organy.Gördi ol, otlukda iki adamy, ýüregi gürsüldäp, etmän çydamy (N. Pomma,Saýlanan eserler).Çaltlyk bilen mikrofony açdy-da, öz ýüreginden joşup çykýan sözlerini bat bilen sözlemäge başpady(A Gowşudow Mähri Wepa).Şadynyň ýüregi gürs - gürs urýardy. Dagdan arkasy bolanyň daşdan ýüregi bolar (nakyl). 2. Bir ýeriň ýa bir zadyň iň esasy ýeri, merkezi.Moskwa Sowet Soýuzynyň ýüregidir. 3. Güýç kuwwat, gaýrat. Onuň aýdýan zadyny edäýmäge ýürek gerek. 4. göç m. Adama düýgy, täsir, keýip bildirýän organyň simwoly. <> ýürege bükgüldi gorky, alada, ynjalyksyzlyk, howsala aralaşmak. Oglanlaryň ýüregine bükgüldi gitdi.(A Durdyew, Saýlanan eserler). Ýürege galyp bolmak ser Ýürege jünk bolmak. Ýürege daş baglamak hyýal eden zadyňy amala aşyrmak üçin çydamlylyk, dözümlilik bilen gutarnykly bir karara gelmek. Militsioner biraz oýlanandan soň, ýüregine daş baglady (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýürege düwmek belli bir karara gelmek, bir pikire gelmek, bir netijä getmek. Men hem ata çykmany ýüregime düwdüm (B Kerbabaew. Aýgytly ädim). Ýürege düşmek 1) halys etmek, irizmek, ýadatmak. Horazyň sesi baýyň ýüregine düşýär («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»), 2) arzuw etmek, islemek. ýürege dykyn bolmak bir zatdan ýürekde kine galmak. ýürege pyçak bolup sanjylmak örän erbet täsir etmek, erbet ýagdaýda galdyrmak, ýüregine ýara salmak. ýürege jünk bolmak ser. J u ň k. Bu nakyl ýüregine jüňk boldy (N Saryhanow, Saýlanan eserler). ýürege ot düşmek howatyrly ýagdaýda gyssanmak. Gözi düşüp howatyrly surata, Dikeldi ol ýüregine ot düşüp (B Kerbabaew, Aýlar). ýüregi agzyna gelmek bir zatdan gaty gorkmak. Aman hem Antika bilen tirkeşip geläýse, Akmaýanyň ýüregi, belki agzyna gelerdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). ýüregi atyň kellesi ýaly batyr, gorkmazak, edermen. Ba, bu adamyň ýüregi atyň kellesi ýaly bolsa gerek diýip oýlanýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). ýüregi açyk içigara däl, göwni açyk, päk ýürekli, ak ýürekli. Onuň özi örän ýüregi açyk, bälçik, gowy ýigit (G Muhtarow, G Seýitliew, Çopan ogly). ýüregi bire baglamak ýürege düwen zadyny ahyryna çenli alyp barmak. Sen ýersyz meselg bilen başyny agyrtma-da, ýüregiňi bire bagla, eliňe ýarag al (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). ýüregi bire düwmek ser. Ýüregi bire baglamak. Gyzylhan ýüregini bire düwdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). ýüregi dagly bolmak ýürege degilmek. ýüregi düşüşmek rahatlanyp başlamak, gahary ýatyşyp başlamak, köşeşmek.Sapargülüň indi birneme ýüregi düşüşip başlady («Sowet edebiýagy» žurnaly). Ýüregi ellenmek bolgusyz zat üçin howsala düşmek, bikarar bolmak. ýüregi kirşen-siz adam ýüreginde gara, ýamanlyk bolmadyk adam. ýüregi suwly Örän arkaýyn, göwni hoş. Şonuň üçin Gulluhanyň edýän işinde, bütin bolşunda ýüregi suwludy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýüregi suw üstünde gorkuly ýagdaýda bolmak, birahatlanmak, gorkmak. Sestralaryň ýüregi suw üstünde galkyjaklady (B Kerbabaew, Yhlasamyrat). ýüregi ýarylmak gaty gorkmak, zähräň ýarylmak. Tilkiniň ýüregi ýarylan ýaly bolup gaçypdyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Ýüregine batmak Örän ýiti täsir etmek. ýüregine ýara salmak uly zyýan ýetirip awundyrmak, ynjytmak, käýitmek. ýüregini gyýmak has erbet täsir etmek (söz hakda) Pökgi walanyň sözi Halnazaryň ýüregini gyýsa-da, ol bu sapar çydamlylyk etdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). ýüregini çişirmek bolgusyz gep bilen gaharyny getirmek, ganyny gyzdyrmak, birine hyjuw döretmek. ýüregini ýaralamak göwnüne degmek, ýüregini agyrtmak, gaty ynjytmak. ýüregini ýarmak gaty gorkuzmak, haýykdyrmak. ýüregiň almak sulhuň söýmek. ýüregiň gyýmak ýürek etmek, dözmek. ýüregiň gyýym - gyýym bolmak ýüregiň gaty awamak, rehimiň gelmek. Meniň ýüregim gyýym--gyýym bolýar (M Gorьkiý Saýlanan eserler). ýüregiň karar tapmak ser ýürek ýerine gelmek Heý-de karar taparmy, Nurgeldiniň ýüregi, Her günde hamyr ýugrup, Gora gömüp çöregi (M. Seýidow, Çoluk). Ýüregiň mynçgalamak 1) ýüregiň ezilmek, ýürek agyrysyny duýmak; 2) ýüregiň gysmak, darykmak. Özüniň oňa bolan mähri ýüregini mynçgalady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýürek awamak ýüregiň gyýylmak, gynanmak, ynjamak. Tyçenkonyň ýüregi awady. Artygyň ýüregi awady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýürek awuly bolma k ynjydylmak. Ýürek agzyndan çykmak howsala düşmek, gyssanmak, howlukmak, darykmak. Onuň ýüregi agzyndan çykyp barýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädpm). Ýürek agysy tüýs ýürekden bildirilýän gynanç, nebis agyrma. Ýürek açmak birine syryňy aýtmak, piknriňi aýtmak. Men size ýüregimi açmak isleýärin (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýürek bökdürmek tolgundyrmak. Şol habar onuň ýüregini bökdürmäge başlady (M. Ibrahimow, Ol Gün geler). Ýürek bulamak erbet söz ýa habar aýdyp hapa etmek. Aýnanyň ýüregini bulamak islemändi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýürek bulanmak ýakmaz zat iýmek zerarly ýüregiň endiremek, iýeniňi gaýtarjak ýaly bolup duýulmak. Ýürek byjyklamak bir zady etjek, ýerine ýetirjek bolup howlukmak, durup bilmezlik. Ondan öjüni almak üçin aýtmaga ýüregi byjyklady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýürek gizlemek içiňi aýtmazlyk, syr gizlemek, syryňy aýtman saklanmak, ýüregiňdäkini aýtmazlyk. Sen, dost, ýüregiňi menden gizläp, kime paş etjeь? (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýürek giňemek rahatlanmak, arkaýynlanmak. Bu pikir Garly ussanyň göwnüne hem makul boldy, hatda onuň ýüregi giňäp, göwni ynjaldy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ýürek gopmak bir zada juda begenip ýa-da bir zatdan gaty gorkup allaniçigsi bolmak, ýüregiň batly-batly urmak. Aýnanyň ýüregi gopdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ýürek gysmak tukatlyk duýmak, biynjalyklyk emele gelmek, keýpsiz bolmak, gaýgylanmak. Maňa barasy gelmedik bolan bolýardy, indi bolsa meni gowy görýär, meni görmese, ýüregi gysýar (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Dym-dyrslyk gabap alyp daşyny, Aýlaryň ýüregi gysyp başlady (B. Kerbabaew, Aýlar). ýürek daglamak ýüregini awutmak, ýüregini agyrtmak, örän gynandyrmak. Ýürek dilinmek haýpyň gelmek, rehimiň inmek, gaty gynanmak. Birden Amansoltanyň ýüregi dilnip. gitdi («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ýürek dykylmak işdäň zat alman, bir hili ýüregiň petiklenen ýaly bolmak. Ýürek ýerine gelmek rahatlanmak, arkaýynlanmak. Onuň ýüregi ýerine gelen ýaly boldy. Ýürek jiglemek aňyp gynanmak, duýmak, syzmak. Ejesiniň zeýrenýändigini. eşidip, Baharyň ýüregi jigledi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýürek joşmak ruhuň göterilmek, höwesiň artmak. Tapdym bagt çeşmesini, Goýmaz ýürek joşmasyny (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ýürek içe sygmazlyk howlukmak, ynjalyksyzlanmak. Göroglynyň ýüregi içine sygmaýar («Görogly» eposy). Ýürek müňküldemek ýürek gopmak, ynjalyksyzlanmak. Biziň bolsa ýüregimiz müňküldäp dur («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýürek ody gaýgy-hasrat. Ýürek partlamak howsala aralaşmak, darykmak. Ýürek parçalamak örän erbet täsir galdyrmak, ruhdan düşürmek. Ýürek syrylmak nahar iýesiň gelmek, ajykmak Ertirden bäri ýüregimiz syryldy. Ýürek tary ýürek arzuwy, ýürekde beslenen zat. Ýürek howlamak iç gysmak, howlukmak. Kete ýüregim howlap, Çykýan daşa bir küýde (B. Kerbabaew, Poemalar). Ýürek çatlamak sabyrsyzlyk bilen garaşmak, bir zada gaty howlukmak, howlukmaçlyk etmek. Ýürek çişmek gaharyň gelmek, ynjamak. Bu gürrüňe onuň kakasy bilen ejesiniň ýürekleri çişipdir (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde). Ýürek eretmek süýji-süýji hoş sözler aýdyp, adamynyň göwnüni götermek, bir zada razy etmek. Ýüregiň eredip gyzyň-geliniň, Çeper sözlerime ederin bendi («Tokmak» žurnaly). Ýürekde dag galm bir zatdan ýürekde iňkis galmak, bir zatdan göw kitüw galmak. Ýürekde ýalyn goýmak ýara salmak, ýürekde ahmyr galdyrmak, kine. Ýürekden turmak göwnünden turmak, islegine görä hereket etmek, sözlemek. Şol aýdym ýüreginden turan daýhanlar ony gaýtalap-gaýta aýtdyrypdyrlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ak Ýürek ser. Ýüregi açyk. Kolhozda ak ýürek bilen işlemek, gurply durmuş gurmagyň esasy şertidir. Arslan ýürek garadan gaýtmaz, ýürekli, batyr. Gara ýürek içigara, pikiri erbet adan. Guş ýürek juda gorkak, züwwetdin, gorkak. Hemmesi seniň guş ýürekligiňden ahyry («Tokmak» žurnaly). Daş ýürek rehimsiz, şepagatsyz. Doň ýürek rehimdar däl, şepagatsyz, rehimsiz, ýowuz. Ýel ýürek 1) sähel zada gahary gelýän, gursak, gyzma; 2) batyr däl, gorkak, ýöwsel. Towşan ýürek sähel bir herekete ziňkildäp durýan, gorkak. Ýuka ýürek dözümsiz, mylaýym, sada, rehimli. ÝÜREK II, Içinde arkaýyn oturar ýaly, palasdan, keçeden, ýorgandan we ş. m. düýäniň howudynyň üstünde edilýän aýlaw. Üsti ýüpek ýorganly haly ýüregiň üstüne dyrmaşyp. münende bolsa, şol gelniň ysgynsyz üsgürýänini eşidipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝÜREKDEŞ, 1. Biri-birine pugta ynanýan, biri bilen mähirli aragatnaşykda bolan. Emma iki ýürekdeşiň gülküsi onçakly batly çykmady (B Kerbabaew. Aýsoltan). Çyn ýürekdeş, mähribanym, bar mydarym sen meniň (Ata Salyh, Saýlanan eserler). 2. ýürekden turýan, pikirdeş, ugurdaş. Şular ýaly ýürekdeş maslahatlarda Muhammedow, minnetdarlyk bildirýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). ÝÜREKDEŞLIK, 1. Biri-biriňe mähirli aragatnaşykda bolmaklyk. Balalarym, siz uçmanyň ak guşy ýaly gülşüň, oýnaşyň, ömür sürüň, men bolsam siziň ýürekdeşligiňize, agzybirligiňize guwanaryn ýörerin diýdi-de, agtygynyň elinden tutup, eýwana çykdy. 2. Ýürekden turujylyk, pikirdeşlik, ugurdaşlyk. Ýürekdeşlik bildirmek. ÝÜREKLI, 1. Gorkmazak, gaýratly, gaýduýsyz, batyr. Sen ýürekli batyrsyň, bar-da şol kelläni al-da, şu halta sal diýip, özi gorkup gaýra çekilip durdy («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Ýürekli deňiz ýüzüjileriniň münüp giden gämileri ýöne bir tagtadan birikdirilip ýasalan gämiler bolupdyrlar (SSSR taryhy). 2. Yhlas bilen, çyn ýürekden. Ol buýruga tiz gopup, işe ýürekli ýapyşmagy adat edinip ugrady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). ÝÜREKLILIK, 1. Gorkmazaklyk, gaýratlylyk, mertlik, batyrlyk. Gruzinleriň ýüreklilik bilen garşylyk görkezmeklerine garaman, Teýmir Tbilisini hüjüm bilen alypdyr (SSSR taryhy). Adamzadyň iň gowy sypatlary: bu, birinjiden, söýgüdir, ikinjiden, ýürelilikdir («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Dogumlylyk, yhlaslylyk. ÝÜREKSE, Ajygylanda iýilýän sähelçe zat, biraz garbanmak üçin iýilýän zat. Ýürekse edinmek. Ýürekse bolar ýaly çörek iýmek. ÝÜREKSELIK, ýürekse bolar ýaly sähelçe iýmit.( nahar. ýürekselik taýýar zat ýokmy?) ÝÜREKSIZ, Batyr däl, gorkak, warryk. ÝÜREKSIZLIK, Batyr dällik, gorkaklyk, warryklyk. |