Ýazuwa geçiriň(print)

Türkmenler .Dr:Mehemmet  kylyç.   Bursa-1998

TÜRKMEN ADAM ATLARY


A
B

Y

G-H

GYZ ATLARY:

GEŇLIK

Geň. Ata-enesiniň guwanji gyz.

GÖWHER

Göwher ýaly gymmat bahaly söýülen gyz bolsun.

GÖZEL

Owdan-gelşikli, görmegöý gyz bolsun.

GUNÇA

Açylmadyk gül, gunça ýaly owadan gyz bolsun.

GÜL

Gül ýaly owadan, ýakymly, özüne çekiji gyz bolsun.

GÜLNAR

Naryň güli ýaly owadan gyz bolsun.

GÜLNUR

Gül ýaly nurly owadan gyz bolsun.

HAJAR

Göçüp ýören Ebrahym(A)niň aýalynyň ady.

HAJAT

Gerek zat,zerur zat.Isek-arzuw edilip ýetolen gyz.

HALIMA

Ýuwaş-rehimli,mylaýym gyz bolsun.

HALLY

Bu at oglan-gyza dakylýar: Hal-ýagdaýy we bagty ýagşy bolsun.Endamynda haly bolan gyz-oglan.

HATYJA

Hz.Muhammediň birinji aýalynyň ady.

HESEL

Asel, bal, süýji dilli ýakymly gyz bolsun.

HURMA

Süýji dilli, uly derejeli gyz bolsun.

HÜÝRI

Hüýri, peri ýaly owadan gyz bolsun.

OGLAN ATLARY:

GAJAR

Gajar diýen Türkmen taýpasynyň ady dakylan oglan.

GADYR

Gadyrly-gymmatly.Gadyr gijesi dünýä gelen oglan.

GANDYM

Çöl ösümligi bolan Gandym ýaly düzümli hem kän bolsun.

GAPBAR

Abdulgapbar(abdulgaffar), Hudaýyň guly, magfiret ediji.

GAPUR (GAFUR)

Abdulgafur(Hudaýyň guly), geçirimli.

GARLY

Garly howada dünýä gelen oglan.

GOWŞUT

Sag adam, Ata-enesine gowşan oglan.

GAÝYP

Oglanlary durmaýan maşgalalarda dakylýan at.

GAÝLY

Gaý turan güni dünýä gelen oglan.

GAÝRAT

Gaýratly-edermen oglan bosun.

GYLYÇ

Akylly, kesgir-ötgür bolsun.

GIÇGELDI

Wagtyndan gijä galyp dünýä gelen oglan.

GORGAN

Gala, Gala ýaly gorysyn, saklasyn.

GUWANÇ

Guwançly , söýgüli oglan bolsun.

GÜRGEN

Sagdyn agaç.Gürgen derýasynyň boýnunda dünýä gelen .

GÜÝÇGELDI

Kynlyk bilen dünýä gelen oglan.

HABIP

Hebip, ýakyn ýöldaş-dost, Söýgüli-ýar.

HAKAN

Arabaçy.Gadymy Türk han soltany.

HALIL

Abdulhalyl(Allahnyň guly).Wepaly dost.

HALIM

Abdulhalym(Allahnyň guly). Rehimli, mylaýym, ýuwaş.

HAMID

Abdulhamid (Allahnyň guly). Öwgä mynasyp.

HAÝDAR

Arsalan – ederman adam.

HEKIM

Abdulhekim(Allahnyň guly). Bilgir-tebip.

HYDYR

Hizir.Gök-ýaşyl öwüsýän.