Ýazuwa geçiriň(print)

Türkmenler .Dr:Mehemmet  kylyç.   Bursa-1998

TÜRKMEN ADAM ATLARY


A
B

Y

S; Ş

GYZ ATLARY:

SAÇLY

Uzyn saçly dünýä gelen gyz.

SADAR

Gymmatly daş ,eziz gyz.

SARYÝA

Saryýagyz-owadan gyz.

SÄHER

Säherde-daňdan dünýä gelen gyz.

SELBI

Serw agajy.Serwi boýly owadan gyz bolsun.

SELIMÄ

Sagdyn-kemsiz gyz bolsun.

SENEM

Owdan ,söýgüli, gözel gyz bolsun.

SOLMAZ

Solmasyn,elmydama ter bolsun.

SOLTAN

Saltan,padyşah,häkim,atly-abraýly.

SONA

Ýaşylbaş , owdan ördek,görmegöý gyz.

SONAŞ

Sona sözi bilen gelýän goşma at.

SÜLGÜN

Owadan-görmegöý,ajaýyp gyz.Meydan towugy.

SÜMBÜL

Sünbül,gowy isli ösümlik.Gül ady.

SURAÝ

Ülker yyldyzyň ady.Parlak gyz.

ŞEKER

Şeker-gand ýaly süýji-ýakymly gyz bolsun.

ŞEMŞAD

Şemşad,gaty, sagdyn hem owadan agajyň ady.

ŞIRIN

Süýji,datly,tagamly.

OGLAN ATLARY:

SADYK

Wepaly;dogurçyl,göni.

SAHY

Eli açyk, jomart.

SAID

Bagtly oglan.(saide:bagtly gyz).

SALYH

Abdulsalyh(Allahnyň guly). Ýagşylyk, dogurçyl.

SANJAR

Duşmanlary sançýan,ýeňýän, ogul bolsun.Ýeňer.

SAPA

Safa,rahat.

SARY

Saryýagyz gelşikli oglan,Saryk taýpasynyň ady.

SATLYK

Çagalary durmaýan maşgalalarda ,satyn alýan ýaly ad dakylýar.

SAÝAT

Türkmen taýpasynyň ady.Seýýadyňgysgalan görnüşi.

SAÝLAW

Saýlaw güni dünýä gelen oglan(Täze at).

SELJUK

Oguz Türkmenleriň uly serdaryň ady.

SELIM

Sagdyn-kemsiz oglan.

SENA

Öwgi, doga,alkyş.

SERDAR

Başlyk, ýolbaşçy.

SETDAR

Abdulsetdar(Allahnyň guly).Günäniň üstüni ýapyjy.

SEÝDI

Seýit,aňyrlaryny pygambardan alýan toparyň ady.

SEÝFULLAH

Allahnyň gylyji.

SÖÝEG

Daýanç,direg,kömekçi. Ata-enesiniň daýanjy bolsun.

SÖÝÜNÇALI

Söýündiren,begendiren, belent derejeli oglan.

SÖZEN

Çöl ösümligi ýaly bolsun,köp ýaşasyn.

SUMBAR

Sumbar derýasynyň ady.Şol derýanyň kenarynda dünýä gelýän.

SUBHAN(SUWHAN)

Öwgi,Söhrat.Allah tagalanyň ady.

SÜLEÝMAN

Ýer ýüzündäki hemme haýwanlaryň dilini aňlan pygambar.

ŞÄHER

Şäherde dünýä gelen oglan.

ŞEÝDA

Hetden aş aşyk, däli.

ŞIR-ŞIRI

Şir-ýolbar.

ŞIRLI

Şir sözi bilen gelýän atlaryň gysga görnüşi.

ŞÖHRAT

Şöhratly, at-abraýly,meşhur oglan bolsun.