SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AŇK

AŇK: aňk bolmak (etmek) —haýran galmak, täsin galmak. Berdi aga onuň edýän manyly-manyly gürrüňlerine aňk bolup galdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Gykuwlap möjegiň aldylar daşyn, Aňk bolup oturdy syrtardyp dişin (N. Pomma, Saýlanan eserler).


AŇK, zool. Uly ala guş.


AŇKA: aňkaň aşma k—aljyramak, janserek bolmak, el-aýagyny ýitirmek.

Onuň hat öwrenmegi nirede, gaýtam, iş bilen aňkasy aşypdyr (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

Seniň aňkaň aşypdyr öýdýän, Biz heniz oglumyzyň normasyny hem alamzok (A. Durdyew, Saýlanan eserler}.


AŇKAW, Aňkaryp ýörän, agzyboş, agzaçyk, gowşak.

Ol aňkaw kempir ýigrimi bäş manatlyk kagyz puly elli manatlykdan hiç haçan tapawutlandyryp bilmezdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Bilmedim, pälim uly boldumy, ýa kysmat şeýle boldumy, seniň pälelige ugradylanyňy bir hili aňkaw ýaly duýman galdym (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AŇKAWLYK,  Agzyboşluk,   agzaçyklyk,   gowşaklyk.


AŇKAMAK, Gaty yslanmak, porsamak, erbet ys bermek.

Çünki onda gyzyl güller ýerine, Aňkar eken çüýrän maslygyň ysy (G. Seýitliew, Saýlanan goşgular).

Agzy edil alajagözen ýaly aňkap dur (N. Pomma, Egri eýikmez).

Aňkap ýatan maslyklardan, Ýakymsyz ys getirmeýär (B. Kerbabaew, Poemalar).


AŇKARMAK, Bir zady geň görüp haýran galmak, aňk bolup durmak, bir zada bütin ünsüni berip, agzyňy öweldip durmak.

Nabat agzyny açyp aňkaryp galdi («Oktýabrь ýalkyşy»).

Garly ussa özüni ýitirip, aňkaryp galdy (A. Gowşudow.'Powestler we hekaýalar).


AŇKARTMAK, Aňk edip goýmak, haýran galdyrmak, aňk bolup durmagyna sebäp bolmak.


AŇKARYLMAK, Geň görüp haýran bolmak, agzyňy öweltmek.

Aňkarylmaň-da,  ugrybir ugraň yzyňyza! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Ol aňkarylyp duran alabeder kostýumly üçünji ýolagça seretdi (N. Jumaew, Ak derek).


AŇKARYLYŞMAK, Bir näçe bolup aňkaryp durmak,. köp bolup aňkarylmak, haýran galyşmak.

Gyzlar hem aňkarylyşyp durlar («Görogly» eposy). Duşmanyň ýykylman galanlary aňka-taňka bolup, epişge baka aňkarylyşdylar we sapançalaryna ýapyşdylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


AŇKA-TAŇKA: aňka-taňka bolmak (etmek) — özüňi ýitirip geň galmak, aljyramak, aň-taň bolmak. Duşmanyň ýykylman galanlary aňka-taňka bolup, epişge baka aňkarylyşdylar.

Aňka-taňka bolup, ýerlerinden towsup turan garakçylara baka uzap duran ýaraglar araçekçi esgerleriň tüpeňleridi (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).


AŇKATMAK, Porsy ys çykarmak, porsatmak.   Porsan eti aňkadyp, özi girdi.


AŇK-TAŇK: aňk-taňk bolmak — ser, A ň k a--t a ň k a.