SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AŇL

AŇLADYLMAK [a:ňladylmak], 1. Düşündirilmek, beýan edilmek, berilmek-, bildirilmek.

San goşulmasy «-lar, -ler» bilen aňladylýar.

2. Duýdurylmak, mälim edilmek. Ol arzalaryň mazmunynda bir beýik gurluşyklara goşant goşmak arzuwy aňladylýar («Ýaş kommunist» gazýeti).


AŇLAMAK [a:ňlamak], 1. Düşünmek, akyl ýetirmek. Bagyň mahaw bagbany, Bir birin diňlemändir, Kimiň ýagşy saýraýanyn, Düýbünden aňlamandyr («Tokmak» žurnaly).

2. Aňmak, bilmek, duýmak, syzmak.

Muny aşakdaky ýaly lälelerden hem belli bir derejede aňlamak bolýar («Edebiýat»).


AŇLANMAK [a:ňlanmak], 1. Düşünilmek, akyl ýetirilmek.

2. Bilinmek, duýulmak, syzylmak. Selbiniň göreçleri bilen birigen göreçlerimde bütinleý başgaça sözler aňlanýardy (N. Jumaew, Ak derek).


AŇLATMA [a:ňlatma], 1. mat. Şertli alamatlar, belgiler bilen aňladylýan bir näçe matematiki ululyk, formula. Algebraik aňlatma.

2. lingw. Konkret many aňladýan söz düzümi.


AŇLATMAK [a:ňlatmak], 1. Düşündirmek, aňyna ýetirmek, bildirmek.

Köplenç wagtlarda bir düşünjäniň özüni dürli sözler bilen aňlatmak bolar (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).

2. Many bermek. Sesler belli bir tertipde gelip, many aňlatýarlar.

3. Duýdurmak, bildirmek, syzdyrmak.

Aman poşşy özüniň razydygyny her sözünde aňladardy (A Gowşudow, Mähri—Wepa).

Hojaw Artykowa seredip, bir zat diýjegini aňlatdy (B. Gurbanow, Duşuşyk).


AŇLAŞMAK [a:ňlaşmak], Düşünişmek, bilişmek, belet boluşmak, aňyşmak.

Seniň ugruňy bir aňlaşaý-ly! («Görogly» eposy).


AŇLAŞYLMAK [a:ňlaşylmak], Bir zat duýulmak, syzylmak, düşünilmek.

Gyrat eýesiz galandan soň, Göroglynyň ele düşeni aňlaşylýar («Görogly» eposy).


AŇLY [a:ňly], Paýhasly, düşünjeli, düşbi.

Ol hem gaty aňly çopandyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Men indi aňly esger, Uly Watana sakçy (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler).


AŇLYLYK [a:ňlylyk], Paýhaslylyk, düşünjelilik, düşbülik. Aňlylyk bilen hereket etmek gerek.