SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AŇR

AŇRUJY [aňru:jy], Ýagdaýy bolsa, mümkin bolsa.

Eger onuň özi razy bolsa, aňrujy mümkinlik tapylsa, ony, şähere getireli (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Şu gün aňňrujy gelip bilseň, bize gel!


AŇRY, 1. Bir zadyň ýeňse, arka tarapyny görkezýän söz.

Indi olaryň bary tokaýyň üstüni gyryp aňry atýardy. (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Kömekçi söz rolunda:  Şol wagt koridoryň aňyrsynda galmagal eşidildi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). <> Aňryň bäri  gelmek — 1) ýüregiň bulanmak, gusjak bolmak; erbet gaharlanmak. Halnazaryň aňyrsy bäri geldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Aňryňa il gonmak—nahar edinmek, nahar iýmek, doýmak. Diliňe guwanyp, naharyňy sowatma. Bolýanyny, bolmaýanyny aňryňa il gonandan soň bilersiň («Sowet edebiýaty» žurnaly) .


AŇRYBAŞ, Baryp ýatan, juda gowy, bahasyna ýetilmez, iň ýokary.

XV asyrda imperatoryň häkimiýeti ejizligiň aňrybaş derejesine ýetipdir (Orta asyrlar taryhy).


AŇRY-BÄRI, Oduk-buduk, ojuk-bujuk. Onuň gözünde bir äýnek bardy weli, ol äýnegiň saplary döwüm-döwüm bolup, näzik sim bilen hem aňry-bäri, ýüp-süp bilen saralypdyr (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

Ýoldaşym: — Aňry-bäri zat aljak, — diýip, magazine tarap ýöneldi.


AŇRYK [aňry:k], Aňyrlygyna, beýle tarapa. Skifler gündogara tarap barha aňryk gidýärdiler (Gadymy dünýä taryhy).


AŇRYK-BÄRIK [aňry:k-bäri:k], Öňe-yza, eýläk-beýläk. Çäýnegi on gezek dagy aňryk-bärik süýşürelerin-den soň, Halmyradow çaýy gaýtarmaga başlady (N. Jumaew, Ak derek).