SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AŇT

AŇTAW, Gözleg, yzarlaýyş, aňtamaklyk.


AŇTAÝJY, Birini, bir zady tutmak, ýok etmek maksady bilen yzarlaýan, gözleýän.

Gije, gaýtam erbetdir— köçelerde adam az bolýar, aňtaýjy kän bolýar. Adamlaryň aragatnaşygyndaky has agdyklyk edýän zat, pursat aňtaýj gahar duýgusydy (M. Gorьkiý, Ene).


AŇTALMAK, Gözlenmek, yzarlanmak. Diýmeli, aňtalmakda, sürgünlerde çekilen azaplar biderek gitmändir! (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


AŇTAMAK, Birini ýa-da bir zady tutmak ýa-da ýok etmek maksady bilen gözlemek, yzarlamak. Kitaplary dagydamyzsoň, naçalnikler: — Bu nireden peýda bolduka? — diýip aňtar.

Ol haty oňa bermekligiň ýagdaýyny aňtaýardy (M. Gorьkiý, Ene). Ýolli ozal hem özüniň şahsy peýdasy üçin, çemini aňtap, Pökgeniň ýanyn-da kolhozyň partiýa guramaçysy Çary agany ýamanlaýar-dy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


AŇ-TAŇ [a:ň-ta:ň]: aň-taň bolmak—ser. Aňka--tanka. Şonuň üçin olar onda näme sorajaklaryny, näme jogap berjeklerini bilmän, aň-taň bolup galýardylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AŇTATMAK, Birini, bir zady tutmak ýa-da ýok etmek maksady bilen yzyndan yzarlatmak, gezletmek.