SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AŇS

AŇSAT [aňsa:t], Ýeňil, ýönekeý, kyn däl. Diňe dilde aňsat on put pagtany, Her gün ýygýan — diýip, batyr aýtmak (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ähli halkyň beýle guwanjyny gazanmak aňsat däldir («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Aňsat iş.


AŇSATLATMAK [aňsa:tlatmak], Aňsat etmek, ýeňilleşdirmek, ýönekeýleşdirmek, sadalaşdyrmak.

Bu täze usul maşyn bölekleriniň ýasalyş protsesini aňsatlatdy.


AŇSATLAŞMAK [aňsa:tlaşmak], Aňsat bolmak, ýeňleşmek, ýönekeýleşmek, sadalaşmak.

Onuň işi öňküsinden aňsatlaşan bolmaga çemeli.


AŇSATLYK [aňsa:tlyk], Ýeňillik, ýönekeýlik, sadalyk, kyn dällik.

Duş gelýän kynçylyklaryň hemmesini aňsatlyk bilen ýeňip geçýärdi. Kä ýeri aňsatlyk bilen tohum aldy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Meseläni aňsatlyk bilen çözmek.


AŇSYZ [a:ňsyz] I, Huşsuz, huşy gaçan; düşünjesiz.


AŇSYZ [a:ňsyz] II, Ägirt, uly, örän mähnet, ummasyz, gaty kän.

Ol aňsyz bir zady geterip barýar.


AŇSYZLYK [a:ňsyzlyk]; Huşsuzlyk, huşy gaçanlyk, düşünjesizlik.

Aňsyzlygyň hem çaky bilen — diýip, ejesi oňa hüňürdedi.