SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AŇŇ

AŇŇAL, Bugdaý, arpa ormak, ot ýatyrmak üçin ulanylýan oba hojalyk guraly, uly orak.

Han küýli bu şatyrdyny barlap göreýin — diýip, eline aňňalyny aldy (A. Durdyea, Saýlanan eserler).


AŇŇALAK: aňňalak gapmak — puç galmak, aldanmak.

Ahmal galyp gitseňiz, agzyňyz ýagjaryp gaýdaryn öýtmäň, aňňalak gapyp gaýdarsyňyz («Tokmak» žurnaly).


AŇŇAT, Çägeden, gumdan emele gelen depe, beýiklik.

Düýe aňňatlaryň üstaşyry uzaklyga seredýärdi («Pioner» žurnaly). Şol aňňat alty aý öň küpürsäp ýatan meýdandy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


AŇŇATLYK, Giden depelik ýer, beýikli-pesli meýdan, depelik.


AŇŇYZA, bot. Ýaşyndan porsaňňyza emele gelýän dag ösümligi.


AŇŇYRAK, Köp aňňyrýan (eşek hakda). Mele eşek gaty aňňyrakdy hem-de ilki-ilkiler münseň alyp gaçýardy.


AŇŇYRMAK, Gygyrmak, ses etmek (eşek hakynda). Ýorgalap köp ýollar ötmegim bardy, Aňňyryp, agynap ýatmagym bardy («Tokmak» žurnaly). Bir salymdan soň, eşek aňňyryp, tumşugyny diň göge tutup, kädini süýräp gidiberipdir («Turkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


AŇŇYRTMAK, Aňňyrmagyna sebäp bolmak. Eşegi aňňyrtmak.


AŇŇYRYŞMAK, Bir näçe bolup aňňyrmak, aňňyryp gygyryşmak.

Obanyň çetreginde eşekler kowalaşyp jyzzynlaşýardylar, aňňyryşýardylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Saraýdaky eşekler aňňyryşýardylar.