SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ASG

ASGYN, Güýji pes, güýçsüz, gowşak.

Namart asgyn ger her ýerde, Ýow gün özün salar derde (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Arman, Gyzlargülden men juda asgyn, Ýeke bir bu ýyl däl, her ýyl tirimde {N. Pomma, Saýlanan eserler).

Alyp asgyn bolýançaň, berip ökde bol (nakyl).


ASGYNJAK, Gapdaldan goşulyp, jana dert bolýan, pesgelçilik. Onuň özüniň ulagy bolmany  üçin, bir barýan kerwene asgynjak bolup gitmeli boldy.


ASGYNJAŇLYK, Birinden asgynlyk etmeklik, güýji peslik, güýji ýetmezlik. Asgynjaňlyk etmek.


ASGYNLAMAK, Güýji peslik etmek, basylyp başlamak, ýeňlip başlamak, ejizlemek.

Asgynladyň, ýeňse berdiň! Gaçyberdiň, Mustapa beg. Men senden asgynladym («Görogly» eposy).


ASGYNLYK, ser. A s g y n j a ň l y k.


ASGYRMAK, Gaty sesli üsgüren ýaly edip agzyňdan, burnuňdan nemli howa goýbermek.

Görogly asgyryp ýerinden turdy («Görogly» eposy). Sen bir söz aýdyp, ýarym, sagat üsgürýärsiň, asgyrýarsyň, ondan soň beýleki sözi aýdýarsyň (M. R.Ibrahimow, Ol gün geler).


ASGYRTMAK, Asgyrmagyna sebäp bolmak, asgyrar ýaly etmek.


ASGYRYŞMAK, Ýerli-ýerden asgyrmak, köp bolup asgyrmak, bilelikde asgyrmak.