SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ASY

ASY [a:sy], kön. s. Günäkär, ýazykly, günäli.

<> Asy b o l m a k — masgara bolmak.


ASYK, Aýallaryň saçyna dakynýan pilçe görnüşli kümüş şaýy, bezegi.


ASYL, 1. Düýp çykyş, döreýiş, hakyky boluş, başlangyç. Gyzgalaňly çagda ýatlar aslyn (B. Kerbabaýew, Aýlar). Ol Wepanyň aslyna beletdi.

2. Hakyky, esasy, ilkinji, original. Asyl nusga.

3. Hiç, hiç wagt, düýbünden. Ol asyl gapymyzdan gelenok («Mydam taýýar» gazýeti).

<> Asyl söz — ser. Söz.


ASYLGY, Asylş goýlan, asylyp duran.


ASYLDAŞ, Gelip çykyşy boýunça meňzeş, asly bir bolan. Bu goşulmalaryň asyldaş bolmagy hem mumkin.


ASYLZADA [asylza:da], Sypaýy, mylaýym, salykatly (adam hakda).


ASYLLY, Salykatly, agras, abraýly. Onuň özi bir asylly eriň maşgalasy bolmaga çemeli (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Parahatlygy gorap saklamakdan, urşuň öňüni almakdan asylly wezipe ýokdur («Mydam taýýar» gazýeti,).


ASYLMAK, 1. Çüýden ýa-da başga bir zatdan ildirilip goýulmak, ildirilmek. Goýunlaryň eti agaçdan asyldy.

2. Ulagdan ýa-da maşyndan ýapyşmak, asylyşmak.

3. Dara çekilip, ölüm jezasy berlip öldürilmek. Kommuna diýip, köpler dökýär ganyny, Asylýan köp, atylýan köp, ölýän köp (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler).

4. Öz boýnuňa ýüp salyp dartylyp ölmek, özüňi öldurmek.


ASYLYŞMAK, ser. A s y l m a k 2. Bu ýel öýümizi göterip gider, hany, dumly-duşdan asylyşalyň! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ASYNMAK, Özüň üçin asmak, asyp goýmak.


ASYR, ýüz ýyl, ýüz ýyl arasyndaky wagt, döwür. Halk köpçüligi arasynda asyrlar boýy dilden-dile, nesilden-nesle geçip, ýatdan aýdylýan şahyrana döredijilige halk döredijiligi diýilýär («Edebiýat»).

Mämiýew ýerinden galyp, onuň bilen gadyrdan görüşdi-de, geçen asyryň şaýady — mis kündügini alyp daşary çykdy (N. Jumaew, Ak derek).

* Orta asyr — Ýewropanyň taryhynda V asyrdan XV asyra çenli bolan döwür.


ASYRLAIYN, Bir asyryn. dowamynda bolýan, asyrlap. Asyrlaýyn alnyp barlan göreş. Asyrlaýyn edilen arzuw.


ASYŞDYRMAK, Baryny asyp çykmak, hemmesini asmak, ýokardan ildirişdirip goýmak. Garderobçy geýimleri asyşdyrdy..


ASYŞMAK, Asmaga kömekleşmek, asyp goýuşmak.