SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ASL

ASLA [asla:], ser. A s y l 3. Şagala şam üçin ogul dogan ýok, Oglundan, gyzyndan asla doýan ýok («Oktýabrь ýalkymy»). Asla düýnki daýhan gyzyna meňzemeýärsiňiz (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy).


ASLYET, ser. Asy l  

1. Şonda Wepa Piotr hakynda arz etdi we onuň aslyýetini gürrüň berdi (A. Gowşudow, Mehri—Wepa). Aslyýetinde hiç bir zada ukypsyz bolan gargalar bütin tokaýy agzyna garadýardy (M. Gorьkiý, Eserler).


ASMA, Asylýan, asylyp goýulýan, asyp bolýan. Asma çyra. Asma terezi. Asma sagat.


ASMAK, 1. Bir zatdan sallap goýmak, bir zada ildirmek, dakmak, goýmak.

Ýaýlymow telefony asdy («Kolhoz günleri»).

2. Dara çekip, ölüm jezasyny bermek. Dartyp dar agaçdan asyp niçesin, Hökümni zor bilen ýöreden kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler).

* B i r aýakdan asmak — parh goýmazlyk, bir meňzeş hasaplamak. Ine, .şu sözlerden çykarsaň many, Asma bir aýakdan hemme ynsany («Sowet ' edebiýaty» žurnaly).

Gul a k  asmak — ser. G u l a k. Siz bir zat aýtsaňyz, olar hökman gulak asarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Nahar asmak— Iýer ýaly bir zat bişirip başlamak, nahar taýýarlamak.