SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ASM

ASMALYK, Gelin almaga gidilende düýäniň iki gapdalyndan dakylýan ýa-da diwaryň ýüzüne gerilýän dürli mata bölejiklerinden edilýän dört burç bezeg.

Eýwanyň diwarlarynyň ýüzlerine asmalyk, düýe-başlyklar gerdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gapyda duran erkegiň howudynyň iki ýanyndan ýaşyl begresden haly gerlip, üstünden asmalyk asylypdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ASMAN [asma:n], 1. Ýeriň ýüzündäki görünýän atmosfera — gümmez görnüşindäki giňişlik.

Asmanyň ýüzünde bolmasa-da Aý, Gar şöhle salýardy ýeriň ýüzüne (Çary Aşyr, Poemalar). Gijäniň heniz şam salmadyk Aýy, giň asmandaky bölejik bulutlara girip çykýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Asmanyň aýna ýüzüne hünji dökülen ýaly paýrap çykan ýyldyzlar asudalyk bilen ýylpyldaşýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. göç. m. Ýokary, belentlik. Merekeniň şat sesi asmana galýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Goýy tüsseler asmana galýar (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Gyzyl horaz pasyrdap asmana galdy (J. Akyew, Mergeniň ogly).

<> Asman paýyňy çekmek — eliňde baryny etmek, eliňden näme gelse şony etmek. Eliňde bolsa, asman paýyňy aşak çekäý (D. Agamemmedow, Goşgular we pьesalar).

Asman ýagtyltgyçlary — ýyldyzlar, planetalar.