SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GIE

GIEW, Durmuşa çykan gyzyň adamsyna gyzyýa ene-atasy, hossarlary tarapyndan garyndaşlyk taýdan berilýän at, köreken. Gyzyň, giew boljak ýigidiň öýüne barmagy, heý görlüp-eşidilen zatmydyr (B. Kerba-baew, Aýsoltan). Onuts öňüni kesip, nobura özüni taşlan ýigit giew ekeni (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Meni giew edinjekmi? («Görogly» eposy). Munuň kellesinde bir mysgal-da akyly ýok ekeni, beýle adamyny biş giew edinip bilmeris (A. Durdyew, Saýlanan eserler)

Gadyr gaýyn bilen giewde (nakyl).


GIEWLEMEK, kön. s. Atasy öýüne gaýtarylan gelniň yzyndan ogryn ýagdaýda görme-görşe barmak (adamsy hakda). Men hem kempirimiň yzyndan giewlemege baramda tutulyp, suwa salma ýenjildim (N. Pomma, Egri eýikmez).


GIEWÇILEMEK,, kön.   s. ser.   G i e w l e m e k.    Onuň giewçilemek hakyndaky edip beren gülkünç gürrüňleri bilen Käriz obasynyň beri başyndan girdik (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).