SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GIR

GIRDAP [girda:p], 1. Derýada, deňizde suwuň köwlenip, aýlanyp akýan ýeri, burgy. Haýynlary düýpsüz girdaba atýan, Azatlyk arslany, biri biz biri (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

2. göç. m. Çylşyrym, kynçylyk. Men bilermen bu uruşyň gyrdabyn, Ozal başlap öldürerler serdaryn («Görogly» eposy).


GIRDEJI [gi:rdeji], Çekilen zähmet üçin her hili çeşmelerden girýän düşewünt, peýda. Pagtadan şeýle hasyl alsak, başga girdeji hasap hem däl. Hasyly ýygnap, girdejini sandyga salanymyzdan soň, ullakan toý ederis (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Çykdajy çykman, girdeji girmez (nakyl).


GIRDEJILI [gi:rdejili], Girdejini köp berýän, peýdany köp berýän, düşewüntli. Girdejili iş. Girdejili ekin.     

GIRDEJILILIK [gi:rdežililik], Girdejisi köplük, peýdalylyk, düşewüntlilik. Ekinleriň girdejililigi artýar.


GIRDEJISIZ [gi:rdejisnz], Girdejisi az bolan, düşewüntsiz, peýdasyz.


GIRDEJISIZLIK [gi:rdežisizlik], Girdejisi azlyk. düşewüntsizlik, peýdasyzlyk.


GIRDENEK, Gysgajyk boýly, keltejik boýly, kiçijik, çaklaňja (adam hakynda). Girdenek adam.


GIRDI. dial. ser. G i r d e n e k.


GIRDIRMEK [gi:rdirmek], 1. Girmäge mümkinçilik bermek, içine salmak, girizmek.

2. Bir zady ikinji bir zadyň içine salmak, girizip jebis getirmek.

3. Kabul etdirmek. götertmek, ýerleşdirmek. Çagany okuwa girdirmek. Kolhoza girdirmek.


GIREW, 1. Karz (wagtlaýyn) alýan zadyň deregine goýulýan haryt, pul we ş. m., zat. Girewine ýerler goýlup, eger bergidar bergisini üzüp bilmedik wagtynda, ol ýerler monastyrlaryň eýeçiliklerine geçirler eken.(SSSR taryhy).

2.Şaýatlyk edip biljek, zamun, kepil. Sap ýürekli zähmet üstünligiň girewidir («Sowet Turkmenistany» gazeti).


GIRELGE [gi:relge], Jaýyň we ş. m. içine girilýän ýer, gapy. Uzyn boýly, inçemik ýüzli bir girelge golaýlaşdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GIRI, Eliň içi, penje, aýa. <> G i r ä   d ü ş m e k . biriniň ýa-da bir zadyň täsirine duçar bolmak, ele  düşmek. Sen nähili beýle ýazgydyň girisine düşdüň? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GIRIBERMEK [gi:ribermek], Otaga ýa-da boş bir zadyň içine girip gitmek, girip geçibermek, Gir oglum, giriber! (X. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly).


GIRIZMEK [gi:rizmek],  1. ser.  Girdirmek.  Jaýa girizmek.  Okuwa girizmek.  

2. Bir zadyň hataryna,  düzümine goşmak. Spisoga (at) girizmek.


GIRIFTAR [girifta:r], kön. s. Bendiwan, garaşly. Giriftar etmek. Giriftar bolmak.


GIRIŞ [gi:riş],  Ylmy  işid  ýa-da eseriň başlangyç bölümi. Dissertatsiýanyň girişi oňat ýazylypdyr.


GIRIŞMEK [gi:rişmek],   1.  Iki-ýekeden girip başlamak,  ýuwaş-ýuwaşdan girmek. Okuwçylar mekdebe girişip başladylar.

2. Bir işe başlamak,  bir iş edip başlamak.Türkmen  dramaturglary aýratyn soňky  ýyllarda  häzirki zaman  temasyndan  pьesa ýzmaklyga   has  içgin girişdiler («Sowet edebbiýat žurnaly).


GIRMEK [gi:rmek], 1. Bir zadyň içine geçmek.Paý tun onuň gök gabsaly derwezesinden girip,howlynyň ortarasynda  durdy   (A.Gowşudow,  Powestler we hekaýalar). Inisi dil haty ýazmaga  içeri girdi (A.Goşudow, Eserler).

2. Kabul edilmek, bir ýere ýerleşmek, göterilmek. Instituta okuwa  girmek. Işe girmek.

3.Bir zadyň hataryna, sanyna goşulmak. Meşhur Pulkowo  dagy Leningradyň gahrymançylykly goralgynyň  taryhyna girdi   («Sowet  Türkmenistany» gazýeti). Meniň adym hem spisoga girdi.

4. Ýuwulmak netijesinde gysgalmak, daralmak,  kiçelmek. Köýnegim giripdir.  Mata  ýuwlanda girýär.     <>   D ü ý ş e    g i r m e k — ser. D u ý ş. Gündiz pikiriň men bolaýyn, gije girsem  düýşleriňe   («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Gündiz gören zadyň käwagt düýşe girýär.


GIRRELIŞMEK, Biri bilen gaharlanyşmak, herrelişmek.


GIRRELMEK, Bir zada birden gaharlanmak, derrew gaharlanmak. Biderek zat üçin girrelmek.


GIRRIK, Sähel zada gaharlanýan, gaty gaharža dargursak. Küle girrik bu gürrütslere özüçe düşüş (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegnnde). Girrik bolma lar, otsşuklyrak bolmak gerek («Sowet edebiýatь žurnaly).

GIRRIKLIK, Girrik häsiýetli bolmaklyk, dargursaklyk, gaharjaňlyk. Sen, jigi, girrikligiňi taşla-da, bize gyzykly gürrüň edip ber! (B. Pürliew, Ilkinji gün).


GIRTMEK, Asylyşyp yza çekmek, asylyşyp burunglygy dartmak (düýe hakda).


GIRÝAN [girýa:n]: kön. s. girýan bolmak—gözi ýaşly bolmak, aglamak.