GIMN, Döwlet ýa synp birliginiň simwoly hökmünde kabul edilen dabaraly aýdym. GIMNAZIST , Gymnaziýanyň okuwçysy. Gimnazistleriň hem gaýry okuwly adamlaryň dünýäde gör-bak näçesi bardy (M' GORKIÝ. Eserler). GIMNAZIÝA , kön s- Patyşa Russiýasy döwründe: umumy orta bilim berýän okuw jaýy. A. S. Puşkin gimnaziýada okan döwürleri gözel eserler döredipdir. GIMNAST, Gimnastika bilen meşgul bolýan sportsmen. Sowet gimnastlary gimnastika ýaryşy boýunça dünýede birinji orny eýelediler. GIMNASTIORKA, Harby gullukçynyň formaly geýimi hökmünde kabul edilen daşky köýnek. Alioşa gimnastiorkasynyň jübüsinden çykaryp, ýazuw depderçesini Çernyşowa uzatdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Egni gimnastiorkaly bir soldat bize ýol salgy berdi. GIMNASTIK, Gimnastika degişli. GIMNA'STIKA, Organizmiň fiziki taýdan ösmegi üçin edilýän yzygiderli maşklar, bedenterbiýe. Mekdepdäki gimnastika, türkmen göreşi we beýleki sektsiýalara ýaşlaryň 170-den gowragy gatnaşýar («Pioner» žurnaly). |