SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GIT

GITARA, Çirtilip çalynýan, bir näçe tarly saz guraly. Ol gitarada türkmen heňlerini-de çalardy (II. Pomma, Taýlak hyzzyn). Piotr bolsa şol obadan tapan döwük gitarasyny. eline aldy, indi ol gitarany tiňňildedip, türkmenleriň aýralyk hakyndaky aýdymlaryna hiňlenýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GITLRAÇY, Gitara çalýan adam. Özi hem gitaraçy-dy (II. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GIT-GIDE, dial. ser. G i t d i g i ç e. Ol git-gide ruhlanyp, gürrüňini dowam etdi (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GITGIR,  Çalt  ýöreýän,  çust. Ýyldyrym sypatly atyňyz gitgir,  Synpy duşmanlara gyljyňyz ötgür • (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


GITDIGIÇE, Wagt geçdigiçe, git-gide, ýuwaş-ýuwaşdan, barha. Nemets dilinde alnyp barylýan gürrüň gitdigiçe güýjeýärdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


GITMEK, 1. Bir tarapa barmak, ýöremek, ugramak. Iwan Iwanowiç çykyp gitdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserlsr). Giden getirer, oturan nyrh sorar (nakyl). 

2. Taşlap ötägitmek. Işden gitmek. Gullukdan gitmek.

3. Dowam etmek. Atyşyk diňe depäň töwereginde, derýaň kenarynda gidýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

4. Sarp edilmek, geçmek. Wagtyň biderek gitmek.

5. göç. m. Çümmek, batmak, girmek. Pikire gitmek.

6. Kömekçi işlik funktsiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň ýakynlaşmagyny eýe bolup gutaranyny görkezýär.

Sürüp gitmek, ylgap gitmek, gaýdyp gitmek ýüzüp gitmek, syrylyp gitmek, begenip gitmek, ýygyp gitmek.