SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GIZ

GIZLEMEK, Birinden ýaşyrmak, ýygşyrmak. Begenç,sen gizlänsiň! Aýsoltan ýylgyryş alamatyny gizläp bilmedi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Aýrana gelen tabagyny gizlemez. (nakyl).


GIZLENMEK, Bukulmak, birinden ýygşyrylmak,

Sen häzir wagtyň barka çagaňy al-da gaç ýa tiz gizlen! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


GIZLENPEÇEK, Iki toparyň biri gizlenip, ikinji topary olary agtaryp tapyp oýnalýan oýun. Gizlenpeçek oýnamak.


GIZLENÇEK, ser. G i z l i n.


GIZLETMEK, Ýygşyrtmak, bukdurmak, ýaşyrtmak. Kükürdi çagalardan gizledipdir.


GIZLIGIN [gizligi:n], ser. G i z l i n. 1567-nji ýylyň öňüsyrasynda baýarlaryň  gizligin uly dildüwüşüklsri düzülipdir (SSSR taryhy).


GIZLIGINLIK [gizligi-.nlik],   ser.  G i z l i n l i k. Gizliginlik bilen geçmek.


GIZLIN [gizli:n],Duýdurmazlyk bilen, ogryn, ýaşyryn.

Seniň gizlin syryňy Iwan duýmaýandyr diýen oý seniň göwnüňe gelmesin! Olaryň arasynda gizlin gürrüň bolup geçipdi (B. Kerbabaew,  Aýgytly ädim)


GIZLINLIK [gizli:nlik], Aç-açan dällik, ogrynlyk, ýaşyrynlyk. Ol gozgalaň on ýylyň dowamynda örän gizlinlikde taýýarlanyldy. (Gadymy dünýä taryhy) .