SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GIJ

GIJJELEMEK, 1. Biriniň ýa-da bir  zadyň daşyna üýşmek, daşyna aýlanmak.

2. Birini öjükdirmek,küşgürmek.


GIJARA [gi:ja:ra], Iňrik garalandan soň, Ilkiagşam, ikindinler. Wera Nikolaýewna Baýramala gijara gitjekdiklerini aýtdy  («Pioner» žurnaly


GIJE [gi:je], Agşamdan soň başlap, daň atýança dowam edýän wagt. Eşelonlar  diňe gijesine hereket edýärdi. Gije oda  gitme, gündiz — tüssä (nakyl).


GIJEGÜNDIZ  [gi:jegündi:z], Erşi  gök, arga gyzyl ýüpekden dokalan mata.


GIJE-GÜNDIZ  [gi:je-gündi:z], 24 sagada baraba wagt aralygy, gije hem gündiziň dowamyndaky wagt. Hoşgeldi gije-gündizini  hemişe ekerançylygyň içinde geçirýärdi. Gije-gündiz gatnawy kesilmän,otly gatnap durýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GIJEKI [gi:žeki], Gije bolup geçen,  gije bolan ýa gelen, gijesine bolan (zat, waka, adam we ş. m.), Bu    gijeki  bolan waka, diňe şunuň bilen bitdi (R. Seýidow. Bagtlylar).


GIJELIK [gi:jelik], Gije wagty, garaňkylyk.

Gijelikde çylbyr ýaly çyrtlatdy Tokaýlary, jeňňelleri barlatdy (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GIJEMEK [gi:jemek], Bedeniňde giji peýda bolmak. Göz gijeýär, ýaşarýar (S. K. Karanow, Trahoma weoňa garşy göreş). Ýaraň gijemek.

<> Gijän eriňi gaşamak — ser. G a ş a m a k. Durdy şol barada Artygyň gijän ýerini gaşady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GIJI  [gi:ji], Bedende  döreýän gijilewük. gotur bolan malyň hem üç ýyllap endamynyň gijisi galmazmyş, oglum   («Görogly» eposy). Elimiň gijisi köşeşdi.


GIJIKDRIRMEK [Gi:jikdirmek], 1. Wagtyny giç etmek, wagtyň köpüsini geçirmek. Güni gijikdirmek. 2.Gijä galdyrmak, getirmeli we etmeli wagtyndan gij goýmak.Gowaçanyň ujuny çyrpmagy  gijikdiriýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GIJIKMEK [gi:jikmek],   1.Agşam ýakynlaşmak,gün ýaşmaga az galmak, gün agyp başlamak. Tomus günleri gün gijigip, ýandyryjy  güýjüni kemeldenden, soň, adamlar jaýyň daş işigine üýşýärler  (A.Gowşudow,  Powestler  we hekaýalar).  

2.wagtyndan gaýra galmak, eglenmek. biziň garşymyza çykyp bilmezler,gijikdiler. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim)


GIJILEWÜK [gi:jelewük],  Bedeniňde güýçli giji emele getirýän ýokançly deri keseli.Gijilewük sakyrtgasy deriniň içine girip, ýakymsyz kesel — giji döredýär (A. N. Kabanow, Adamyn  anatomiýasy we fiziologiýasy).


GIJÖÝLÄN [gi:jöýlän],Günüň ikindine ýakynlaşan wagtlary, ir ikindin. Men şähere gijöýlän geldim.