SÖZLÜG ;   I- HARPY;

ILA

IL [i:l], 1 Halk, ilat, adamlar. Ol öz pukaralygyna garaman, il bähbidi bardyr öýdep ýerinde janyny aýamaýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Iller bir eýýäm pagta gitdiler (A Durdyew, Saýlanan eserler). Güllep ösýýän Türkmenistan ilinden Şöhrat saňa , dokuzynjy gurultaý! (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ýigit öýlendirilende, onuň gelniniň milletine, iline seredilmeýär. («Görogly» eposy).

Il oňlasa, atyňy soý (nakil).

Öz gadyryn bilmedik, il gadyryn näbilsin (nakyl).

Il agzy keramat (nakyl).

Il aglak bolsa, doňuz depe çykar (nakyl)

Il bilen gelen — toý-da baýram (nakyl).

Il agzyn ýygyp bolmaz, çelek agzyn — bogup (nakyl).

2. Ýurt, watan. Artyk ele düşmän il aşyp bilermi? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* Ilden çykmak — il arasynda dowam edýän däp—düzgünden, kada-kanundan çykyp, bir iş etmek. Men ilden çykan mülhit bilen sud öňünde durmagy özüme namys bilýän («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Il bolma k — dostlukda, parahatçylykda, gowy aragatnaşyk-da ýaşamak.

Ile    meňzeş   etmek — 1)   bir    zady idili ýerine ýetirmek;  2)   öýli-işikli    etmek,   öýermek.

Aýu, kakasy, Annagulyny hem ile meňzeş. edip göýbereli. (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ILAT [i:lat], Bir  ýurtda, şäherde we ş   m   ýaşaýan  halk, il. Käliň ugrunda bäş arçynlyk ilat bolup, Artyklaryň obasy hem şonuň biridi. Tejen ilaty Gyzyl goşuna nähili, garaýar. Ol ilatň agzyny alardyp, özüne gyşyk sereden adamlary tutup başlandyr.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýer hem ilatyňky, suw hem ilatyňky .  (G. Kulyew,   Köpetdagyň   aňyrsynda).

Şu baryşlaryna galandarlaryň ýoly Arabystan  ilatynyň ňüstünden düşdi («Görogly» eposy).