SÖZLÜG ;   I- HARPY;

ILD

ILDEŞ [i:ldeş], Bir ilden, ýurtdan bolan, ili bir bolan, watandaş. Olar başga wzwoddan gelen tanyşlary we ildeşleridi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ony söýüp hormat edýär ildeşi, Gara saçlaryndan ak hem giripdir (N. Pomma, Saýlanan eserler).


ILDIRGIÇ [i:ldirgiç], 1. Aýal börükleriniň maňlaýyna dakylýaň ýüzi gaşly bezeg şaýy. Özüniň ýaşyna garaman Marynyň kerpiç-kerpiç şelpeli ildirgijini hem maňlaýyna dakyndy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gyzyl gupba ýalpyldaýar başynda, Ildirgiji sümsülesi yranýar (B. Kerbabaew, Aýlar) Mamagül gülli öýme daňypdyr, maňlaýyna-da kökenli gyzylly ildirgiç oturdypdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Ildirmek, asmak üçin ujy egrelip duran gaňyrçak. Telpegini ildirgiçden ildirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ILDIRIŞDIRMEK [i :ldirişdirmek], Ildirip çykmak. Duruň, men gury çybyklary ýygnaşdyryp, geçiň şahyna ildirişdireýin («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


ILDIRMEK [i :ldirmek], Bir zady ildirgiçden asmak, asyp, ötürip goýmak. Biline gylyç guşanan Artyk, Halnazaryň goşasyny hem egninden ildirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Turup daragyny duldan ildirdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Kakasy-da ýatyş telpegini kellesine atyp, serdessesini eline ildirip ylgapdyr (A Gowşudow, Mähri—Wepa).