SÖZLÜG ;   I- HARPY;

ILI

ILIK, Geýime ýa-da başga zatlara ildirmek üçin dakylýan düwme, sadap. Bezenji köýnginiň  ilikleri ýazdyrylypdyr (B Kerbabaew, Aýsoltan). Ol kostýumyň balagy bilen köýnegi bitişikdi, eşigiň boýdan-başy hem ilikdi (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Esgerler kemerlerine, iliklerine çenli barlap, özlerini tijeýärler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ilik gytmy näme? (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary). Iňňe, sapak, gury çaý ýa-da ilik olarda halan wagtyň tapylýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ILIŞDIRMEK [i:lişdirmek], Ujuny çala ildirmek.


ILIŞMEK [i:lişmek], Bir ýere ýa-da bir zada çolaşyp, dolaşyp galmak, asylyp galmak. Düýe bir agaja gapdalyny oýkap gaşanypdyr we şonda gök sapaklar ilişipdir («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).