SÖZLÜG ;   I- HARPY;

ILT

ILTELMEK [i:ltelmek], 1. Çala daňlyp  goýulmak, çatylmak, baglanmak.  Ýüpüň ujy agaja iteldi. 2. Birine bir iş   ýüklenilmek, tabşyrymak. 3. göç. m. Adamsy aradan çykyp, dul galan gelni adamsynyň doganyna, doganoglanyna äre berilmek. Jamal ýüwürjisine ilteldi.


ILTEMEK [i:ltemek], 1. Çala daňyp goýmak, çala, çatmak, baglamak. Billerini ýaglyk bilen iltän gollary çermelgi aýallar mähnet gazanlaryň aşagyna ot salýardylar (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Artyk şuň irişme tanapyny gazyga iltedi-de, nirädir gyssanmaç howlukdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Birine bir iş ýüklemek, tabşyrmak. Hany bu ýyl miraplygy kimiň ýakasyndan ilteris? — diýen sowala dürli ýerden dürli atlar tutuldy (B. Kerbabaew    Aýgytly   ädim).3. göç. m. Adamsy aradan çykyp, dul galan gelni adamsynyň doganyna, doganoglanyna äre bermek. Ol gelni gaýyn agasyna iltediler.


ILTENMEK [i:ltenmek], 1. Çala daňylmak,  çatylmak, baglanmak. Artygň öz yzynda galdyran  egrem-bugram ýoly Aýnanň ýüregine iltenen erşiň beýleki ujy ýaly süýgüp gidýärdi  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Birine bir iş ýüklenmek, tabşyrylmak. 3. göç. m .Adamsy aradan çykyp, dul adamsynyň doganyna, doganoglanyna äre berilmek.


ILTETMEK [i:ltetmek], 1. Çala baglatmak, çatdyrmak. Ýüpüň uçlaryny bir-birine çala iltetdi. 2.  Birine bir işi ýükletmek, tabşyrtmak. 3. göç. m. Adamsy aradan çykyp dul galan gelni adamsynyň doganyna, doganoglanyna äre dakdyrmak.


ILTEŞDIRMEK [i:lteşdirmek], Bir näçe zady  iltäp çykmak, biri-birine iltemek. Düýeleri ýygnaşdyryp, çuwallaryň köşelerini ilteşdirdik.(A. gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ILTEŞIK [i:lteşik], 1. Çalaja ilişip duran, çatylyp baglanyp duran. Süýem barmak tolkundan sypan balyk ýaly zyňlyp gitdi, başam barmagyň bolsa çala ilteşigi. galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Garyndaşlyk ýa-da başga bir taýdan bolan ýakynlyk, gatnaşyk. Ol käte Öweziň bolşuna gaharlanyp: — Arman garyndaşlyk ilteişgimiz bar. Ol hem bir ýalňyşlyk bilen bolan zat, ýogsam seni tanamazdym — diýip aýdýar(«Sowet edebiýaty» žurnaly).Ol Tehranda mesgen tutup  özüniň köne dostlary bilen ilteşik gözlemäge başlady. (G.   Kulyew, Köpetdagyň   aňyrsynda). Körpe ogulda seniň ilteşigiň ýokdur. (N. Saryhanow, Saýlalanan eserler).


ILTEŞMEK  [I:lteşmek], Çala ilişip  durmak, çala daňylmak, çatylmak,  baglanmak.


ILTIMAS [iltima:s], kön. s. Birinden ýa-da bir zat barada edilýän umyt, ynam. Diňe onuň ýüreginde iltimas — umyt döretdi  (A.  Gowşudow, Mähri—Wepa).