SÖZLÜG ;   I- HARPY;

ILG

ILGEZEK, 1. Dogumly, çalasyn, çalt. Artyk bulutly howa-da ilgezek ýöräp, Gandymyň çatmasyna bardy.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Daş hem bolsa getir !— diýilip buýrulandan soň, ol oglanjyk ilgezek turup,  ylgap gitdi (A  Gowşudow, Eserler).

2   Eserlik bilen, bihaýallyk bilen, göze-başa düşüp iş görýäň  mekir, ýeser. Özüni özi kethuda saýlap,  ilgezek    hojaýyn: — Birinji sözi maňa ber. — diýip haýyş etdi  (B. Kerbabaýew

Aýsoltan).


ILGEZEKLIK,  1.   Dogumlylyk, çalasynlyk, çaltlyk.

Olaryň buýruklaryny ilgezeklik bilen ýerine ýetiripdirler. (SSSR taryhy).

2. Göze-başa düşmeklik, mekirlik,ýesirlik,  bihaýalyk.

Pökgi  walanyň  ilgezek-liginden, öwlat adamsy ýaly sokžarylyp barşyndan jozzuk ýüzüniň keşbinden Güljamal han ony öwlatdyr hasap etdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ILGENÇEK [i:lgençek], 1. Geýimiň ýakasyna ýa-da gynajyň bir ujuna berkidilýän ujy  gaňyrçakly şaý. Ýakasynyň ilgençekleri barmaklarynyň arasyndan häli-şindi sypyp durdy  («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olar şaý-sepleri : syrga,  bilezik, monjuk, ilgençek ýasamagy başarýar ekenler. (Orta asyrlar taryhy).

2. Gapyny, Äpçşgäni we ş. m.  ýapmak üçin içinden edilýän ildirgiç. Mürze gözüni aýlap, penjiräniň gabsasynyň ilgençeginj goparylyp, daşyndan ýokary erňekden berk pahna urlup berkidilendigini gördi (N. W. Gogolь, Eserler).


ILGINÇ [i-.lginç]: göze ilginç — göze dürtülip duran, göze görnüp duraň, göz-görtele, mesaňa bolup duran. Soň bir döwürde bolsa aşagyna gün düşmez bag-bakja peýda bolupdyr we ol göze ilginç haýbatly galany, gizläpdir (A Gowşudow, Eserler).


ILGÖZLÜGIN [i:lgözlügi:n], Adamlaryň gözüniň alynynda, il gözüne, göz-görtele, mesaňa, äşgär. Milli komitet bilen Agsak mürzeniň arasynda ilgözlügin duşmanlyk bolsa-da, olaryň ýöreýän ýollary birdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IL-GÜN [i:l-gün], Halk, jemagat, ilat. Näme, il-gün seni ýaşdygyňy bilmeýärmi? (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ol iliň-günüň içinde dile düşdi, betnam boldy (A. Gowşudow, Eserler) Kän wagt zaryn çekip, Soradym ilden-günden (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Il-gün parahatlykmydyr? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim)

Ilim-günüm bolmasa, — Aýym-Günüm dogmasyn (nakyl).