SÖZLÜG ;   I- HARPY;

ILE

ILEN-ÇALAN [i:len-çalan], Daşrak garyndaş, kowum. Baýyň ilen-çalanlaryndan dost-ýarlaryndan başga-da gelenler kändi, ýene geljeklere-de garaşýardylar. Öňi bilen Aşyrdan oslap, onuň ilen-çalan ýerlerine aýlandylar. Atlanan atlylar Aşyryň ilen-çalanlarynyň, tanyş-bilşileriniň baryna aýlanyp çykdylar (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ilen-çalandan diňe obada bir inisi bardy (N. Jumaew, Syrly gala).


ILERI, 1. Günorta tarap, günorta tarapa bolan ugur. Dagyň ileri düýbüne seretse, dagyň düýbünden bir derýa akyp ýatan eken. Maňa şol harabanyň ileri çetindäki tümmegiň daşyndan gala saldyryp ber («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Birkemsiz asfalьtlanan köçeler ilerden gaýra uzalyp gidýärler («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ýoluň ileri ýüzündäki garaja öýüň gözeneginde guýlunyp ýatan ala ganjyk, ok ýaly zybyrdap geldi-de, ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz saldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýyldyzlar syrygyp, ileri geçdi (N Pomma, Saýlanan eserler).

2. Öň tarap, ön. ÝAzyjylar, ýaltaklaşman, bulary Toşup araňyza, gidiň ileri («Tokmak» žurnaly). Baş bolup-da sotsialistik ýaryşa, At gazanyp, işini ileri sürdi (N. Pomma, Saýlanan eserler). 3. Kömekçi söz rolunda: Olar biziň ilerimizden geçdi.

ILERI tutmak biriniň ýa-da bir zadyň mertebesini ýokary götermek, birini ikinji birinden gowy görmek. Biziň partiýamyz zähmetkeşler hakynda alada etmegi hemme zatdan ileri tutýar («Sowet Turkmenistany» gazeti). Işin ileri! — ser. I ş,


ILERI-GAÝRA, Öňe-yza, aňryk-bärik, eýläk-beýläk. Bulьdozer ýene bir näçe gezek ileri-gaýra omzandan soň, suwuň akymy mese-mälim ýuwaşady («Sowet edebiýaty» žurnaly). Düýe tagaşyksyz dyzlaryny ileri-gaýra süýşürip, döşüni ýere berip oturdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ILERI - ILERI, Öň tarapa, gitdigiçe, öňe. Biz oglanlary örän oňat terbieleýendiris — diýip, ileri--ileri omzady («Tokmak» žurnaly). Olar ileri-ileri omzaşdylar (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ILERLEMEK, 1. Öňe tarap hereket etmek, ileri süýşmek, golaýlaşmak. Sowet Goşuny duşman pozitsiýasyna tarap ilerleýärdi.

2. Öňküsinden has ösmek. pugtalanmak, berkemek. Hökümetiň ileriläp baryşy, ýylba-ýyldan köpdür peýda berer (Mollamurt, Saýlanan eserler).


ILERLETMEK, Öňe tarap hereket etdirmek, ileri süýşdürmek, golaýlatmak.


ILERLEŞMEK, Köp bolup öňe tarap hereket etmek, ileri süýşüşmek.


ILERLI-GAÝRALY, Ilerden gaýra baka, gaýradan ileri baka. Gündogardan günbatara bakan uzan agyr kuren oba ilerli-gaýraly hatar gurap, asudalyk bilen ýaýnap otyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ilerli--gaýraly oturan küren-küren obalaryň arasynda tam diýen zady az görmek bolýardy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ILERLIGINE, Ileri tarapa, ileri ugra, ileri baka. Akmaýanyň ýoly gatyk dökülen ýaly çanjaryp, dik ilerligine bakan uzap gidýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ol obanyň içinden ilerligine baka daş köçe geçýärdi (A Gowşudow, Eserler). Ülker ilerligike bakan eňip, ikindi ýerine golaýlapdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bizi ilerligine tarap alyp ugrady («Sowet Türkmenistany» gazeti).