SÖZLÜG ;   I- HARPY;

ILK

ILKAGŞAM, Gün ýaşandan az salm soň, ýassynyň oň ýanyndaky wagt, garaňky gatlyşan wagty. Goşunyň esasy güýji ilkagşamdan Garaguma girdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gyz bolsa ilkagşam başga birine gaçyp gidipdir («Tokmak» žurnaly).


ILKI, 1. Ozaly bilen, öňürti, başda, desläp. Men saňa ilki emdiren süýdümi sowet çöregi bilen bermedimmi? (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Annagulynyň kolhozynda pagtanyň ilki ýüzüni ýaňy ýygmaga başladylar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol gaýgyly, aladaly ýaly göründi. Mep şu gijänniň özünde ilki bilen Artyk bilen bellisini ederin(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ILKIBADA [ilkiba:da], Ilki bilen , ozaly bilen, desläp, öňürti, başda. Eşek ilkibada bir azrak wagt  öküziň aýagyna eýeren bolsa-da, soňabaka  ýadap ýaraman yza galmaga başlady.  («Türkmen halk erteki ýygyndysy»). Ofitserler ilkibada wzwoddan-da keýpihonlyk bilen  ylgaşýardylar. (B. Aýgytly ädim). Ejesi bolsa ilkibada: —Gyzym bir kesel ýolugypdyr — diýip, em-ýom etdi, soňabaka bolsa bilgiçlere gatnady (A. Gowşudow, Eserler).


ILKIDURMUŞ,   Adamzat taryhynyň gadym döwrüne degişli bolan ýaşaýyş. Ol gowaklar ilkidurmuş  awçylarynyň mesgeni bolupdyrlar (SSSR taryhy).