SÖZLÜG ;   I- HARPY;

ILÇ

ILÇI [i:lçi], dipl. Ýokary derejeli diplomatik wekil. Ýa bir döwletiň ilçisisiň ýa-da meni barlamak, üçin iberilen bir jansyzsň (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ilçiler  Göroglynyň ýanyna geldiler. («Görogly eposy»).

Ilçe ölüm ýok (nakyl).


ILÇILIK [i:lçilik], gepl. d. Il arasynda  bolýan köpçülik. Bu ilçilik, munuň içinde her haýsy bar (A. Gowşudow, Eserler).


ILÇIHANA, [i:lçiha:na], Ilçi  tarapyndan  ýolbaşçylyk edilýän diplomatik wekillik hem-de şol wekilligiň jaýy. Bu günler käbir daşary ýurt ilçihanalary reaktsiýanyň söweşjeň ştabyna öwrülipdi. Bu gezek oňa arka duran daşary  döwletlerden başga  biriniň Tährandaky  ilçihanasynyň  işgärleri boldy  (G.  Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).