NÄ..., 1. Sözüň öňünden goşulyp, ýoklugy aňladýan goşulma: näbelet, näbelli, nädogry we ş. m. 2. «Näme?. nähili?, niçik?» ýaly sorag çalyşmasynyň manysyny aňladýan ownuk bölek. Ýeri, Myraly, bu nä boluş! (Myraly). Aý, näbileýin, obany ýadyňdan çykaransyň-da?! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). |
NÄBELET, Birine, bir işe ýa-da bir ýere belet bolmadyk, tanyşlygy ýok bolan, habarly däl, nätanyş. Ol näbelet şäherinde köçeleriň nireden-nirä gidýänini bilmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bu näbelet adamsyny suwly äkidip, suwsuz getirer («Tokmak» žurnaly).
NÄBELETLIK, Belet dällik, tanyş dällik, nätanyşlyk. Ýola näbeletlik. Ýurda näbeletlik.
NÄBELETÇILIK, ser. N ä b e l et l i k.
NÄBELLI, Belli bolmadyk, açyk bilinmeýän, nämälim, nätanyş. Bu näbelli garakçylaryň baştutany Allaýar töre diýlip atlandyrylýan belli gaçakçydy (A. Gowşudow, Eserler). <> Eýesi näbelli sözlem ser. S ö z l e m.
NÄBELLILIK, Belli dällik, tanyş dällik, açyk bilinmezlik. |