SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NÄB

NÄW

NÄG

NÄD

NÄZ

NÄK

NÄL

NÄM

NÄR

NÄT

NÄU

NÄH

NÄÇ


NÄÇE, 1. Haýsy mukdarda, nähili mukdarda. Meniň aýalym näçe zähmet gazandyka? (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

2. Neneň, köp, nähili, nätüýsli. Gowaça şeýle bir ösümlik, şeýle bir ekin, muny näçe taryplasaň, ýene az (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


NÄÇENJI,Tertibi, sany boýunça haýsy ýerdedigini aňladýan tertip san. Sen näçenji klasda   okaýarsyň?


NÄŞAT, [näşa:t], Tukat görnüşli, şat däl, keýpsiz. Hem garaňky, hem-de tukat, Otyrsyňyz beýle näşat (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

NÄŞATLYK, [näşa:tlyk], Tukat görnüşlilik, şat dällik, keýpsizlik.