SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NÄB

NÄW

NÄG

NÄD

NÄZ

NÄK

NÄL

NÄM

NÄR

NÄT

NÄU

NÄH

NÄÇ


NÄTAKYK, [näta:ky:k], Takyk däl, takyk edilmedik, anyklanmadyk, gümürtik. Nätakyk iş. Nätakyk mesele.


NÄTAKYKLYK, [näta:ky:klyk], Takyk dällik, anyk dällik, açyk dällik, gümürtiklik.


NÄTANYŞ, Tanyş däl, tanyş bolmadyk, keseki. Eýwanda nätanyş adamlaryň ýanynda oturan Ýagdyny gören badyna, Baharyň ýüregi jigledi, endamy dygla-dy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


NÄTANYŞLYK, Tanyş dällik, nätanyş bolmaklyk, biri-biriňi tanamazlyk.


NÄTEŇET, ser. Nätüýsli. A gyz, bolup oturyşyň näteňet! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kakasy, bolşuň näteňet, ýör gideli, gaharyň ýatyşar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NÄTMEK, «Näme etmek» sözünden ýasalan goşma söz. Onuň içi asyl daşyndan görnüşine meňzemese nätjek (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Serwi agaçnyň saýasynda solsa gül, nätmek gerek? Serwiden tabyt kylyp, gülden kepen etmek gerek (Myraly).


NÄTÜÝÜSLI, Nähili, neneň, niçik, näzeýilli. Mysalasy netüýsli, hassa ýaly yranyp gelýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler).