SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NÄB

NÄW

NÄG

NÄD

NÄZ

NÄK

NÄL

NÄM

NÄR

NÄT

NÄU

NÄH

NÄÇ


NÄRAZY, [nära:zy:], Bir zat barada birinden razy bolmadyk, bir zatdan ýa-da birinden göwni bitmedik, bir zady makul görmeýän, razy däl. Goýunlaryň guzusyny gowaçanyň gozasy bilen deňlemese, men ondan närazydyryn (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Soltansöýün Myrala närazy garaýyş bilen seredipdir (Myraly).


NÄRAZYLYK, [nära:zy:lyk], Biri bilen bir zat barada ylalaşmazlyk, razy dällik, makul görmezlik. Päle meselesinde, bije atyşlykda, görnetin zorluk-da il arasynda närazylyk köpeldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


NÄRAZYÇYLYK, [nära:zy:çylyk], ser. N ä r a z y l y k.

Pökgen özüniň galdyrylmagyna ýüregindäki närazyçylygy çalarak duýdurdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


NÄRAHAT, [nära:hat],  Rahat däl, ynjalyksyz, birahat. Närahat ýüregi gozgalaň bilen urdy-da, aladaly ýüzüne şatlyk şöhlesi aýlanyp gitdi  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


NÄRAHATLYK, [nära:hatlyk],  Rahat dällik,  ynjalyksyzlyk, birahatlyk.

Näçe  Onuň bergisi? — diýip, närahatlyk bilen sorady («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Ýago, sen şäherden habardar bolgun, birden närahatlyk ýaýrap gitmesin (Şekspir, Otello). NÄSAG, Bir kesele duçar  bolan, sag däl, keselli, syrkawlan, nähoş, syrkaw. Näsag adamlara hyzmat etmek biziň borjumyz ahyry! (B.  Pürliew, Ilkinji gün). Çylşyrymly agyr operatsiýanyň  şowly geçmegi näsagyň gowulanyp gitmegini üpjün, etdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).