NÄHAJAT, [näha:jat], 1. Näme üçin, näme sebäpden. Seni nehajatdan gaýgyraly? (M. Gorьkiý, Eserler). 2. Nämä geregi bar, nämä gerek. Beýle gürrüň etmek Nahajat!
NÄHAK, 1. Dogry däl, mamla däl, nädogry. Bizi diri ýuwutmak üçin buržuaziýa hem olaryň gullary nähak oýlanýarlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Hakykat nähaky her ýerde keser (Mollamurt, Saýlanan eserler). 2. Hiç bir sebäpsiz, biderek, ýerliksiz. Siz nähak gorkupsyňyz («Mydam taýýar» gazeti). Inim, sen nähak azara galýarsyň! (B. Pürliew, Ilkinji gün).
NÄHILI, [nähi:li], Neneňsi, nätüýsli, niçik. Ol hatyň bize nähili düşenini men bilip bilmedim (A. Gowşudow, Köpetdagyň egeginde). Bu ýerde nehili narzan diýseň bar: ýyly gerek bolsa ýyly, sowuk gerek bolsa sowuk (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).
NÄHOŞ, ser. N ä s a g. Nobatçy nähoşy barlap bir kemsiz, Garady garrylaň ýaşli gözüne («Sowet edebiýaty» žurnaly). Nehoş känmi? diýip sorady (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).
NÄHOŞLAMAK, ser. Näsaglamak. Ýaňy ukudan galan, nähoşlan Mama gyşaryp ýatan ýerinde Meret-den öňe düşdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
NÄHOŞLUK, ser N ä s a z l y k. Nähoşluk ony horlapdyr. Nehoşlukdan açylmak. |